Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi
Syýasy habarlar
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi
Çap edildi 12.09.2020
950

Şu gün Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşikler başlandy. Türkmen wekilýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynda sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen parahatçylygy ilerletmek boýunça hereketleri goldaýandygyny belledi. Türkmenistanyň hemişe ýüze çykýan meseleleriň diňe diplomatik we syýasy gurallar arkaly çözülmeginiň tarapdarydygy we gepleşiklere, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly ýardam etmäge taýýardygy nygtaldy. Şeýle hem dürli ugurlardaky, hususan-da energetika, ulag, aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ähmiýeti babatynda bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan TOPH we TOP taslamalarynda, bu ýurtda demirýol gatnawlarynyň ösdürilmegine we ynsanperwer kömeginiň möhüm orny nygtaldy. Duşuşykda Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde beýleki hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalary bilen gatnaşyklara taýýardygy bellenildi.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow