Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany
Jemgyýet
“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany
Çap edildi 10.09.2020
1211

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň çap edilen 12-nji sany «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň köpugurly, netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýär. Makalalarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli hem-de oňyn özgertmeler, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny we geljegi uly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen maksadalaýyk çäreler beýan edildi. Ýyl ýazgylarynyň nobatdaky sanynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen, durmuş-ykdysady, daşary syýasy işiň ähli ugurlaryna degişli çözgütleriň, gol çekilen kanunlaryň, permanlaryň, kararlaryň, buýruklaryň syny wakalaryň yzygiderliliginde Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň materiallary esasynda beýan edilýär. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlary, milli Liderimiziň sebitler boýunça iş saparlary, daşary ýurtlaryň Baştutanlary, jemgyýetçilik-syýasy işgärleri bilen halkara derejede geçiren duşuşyklary barada maglumatlar berilýär. Neşirde halkymyzyň bähbidine durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň netijelerini beýan edýän esasy görkezijiler getirilýär. Aýry-aýry materiallar önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň açylyşyna bagyşlanýar. Şol desgalaryň gurluşygy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyryldy. Şeýlelikde, syn berilýän ýylda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde köpugurly hassahana hem-de ýaşaýyş toplumy, Mary şäherinde çagalar hassahanasy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwapark we şypahana, Aşgabatda işewürlik toplumy, Ahal welaýatynda aýna önümlerini öndürýän kärhana, Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde buggaz elektrik stansiýasy, Balkan welaýatynda “Garabogazkarbamid” zawody, polietilen hem-de polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ulanylmaga berildi. Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşinde dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Möhüm ähmiýetli wakalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berilmegini, täze döwrebap obalaryň hem-de şäherçeleriň düýbüniň tutulmagyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen beýleki dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny görkezmek bolar. Neşiriň makalalarynda obasenagat toplumynda gazanylýan zähmet üstünlikleri we amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berilýär. Diýarymyzda “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylan üstünlikler hökmünde beýan edilýär. Ýyl ýazgylary okyjylara hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletiniň dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrýan netijeli işi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, milli Liderimiziň daşary ýurtlara saparlarynyň hem-de myhmansöýer türkmen topragynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň syny berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň içerki ulag boýunça Býurosynyň agzalygyna we 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady Durmuş Geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. “Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylarynyň” 12-nji goýberilişi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy. Türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilen neşir publisistik häsiýetli hem-de uly ylmy-öwredijilik ähmiýetlidir, şonuň üçin hem bu neşir alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar hem-de jemgyýetçilik-syýasy işgärler üçin uly gymmatlyga eýedir.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow