Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 09.09.2020
1009

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we onuň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, rus işewürliginiň, hususan-da, öz ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Milli Liderimiz türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, şol gatnaşyklaryň esasy ugurlarda işewür hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilmegi üçin şertleri döredýändigini aýtdy. Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleri hökmünde ykrar edilen iki ýurduň özara bähbitleriniň jemlenýän wajyp ugurlarynyň biri nebitgaz senagatydyr. Ägirt uly serişde mümkinçilikleri nazara alnyp, bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ygrarlydygy barada aýdyp, ýurdumyzyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryndan, ilkinji nobatda, özüni ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen kompaniýalardan gelip gowuşýan teklipleri hemişe uly gyzyklanma bilen öwrenýändigini nygtady. Duşuşygyň barşynda iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitlilik esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür Hazar deňziniň uglewodorod känlerini özleşdirmek boýunça “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen döwlet Baştutanymyzy tanyşdyryp, biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň daşary ýurt işewürler toparlarynyň maliýe serişdelerini, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamaga, ugurdaş düzümleri gurmaga maýa goýmaga ýardam edýändigini belledi. Wagit Alekperow biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde toplanan tejribäni türkmen tarapyna hödürlemäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege päk arzuwlaryny aýdyp, özara bähbitler hem-de bilelikde işlemegiň toplanan oňyn tejribesi nazara alnyp ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow