Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Wise-premýer R. Meredow Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji A. Ahmadi bilen wideoduşuşyk geçirdi
Syýasy habarlar
Wise-premýer R. Meredow Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji A. Ahmadi bilen wideoduşuşyk geçirdi
Çap edildi 02.09.2020
812

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi bilen wideomaslahat aragatnaşygy arkaly duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda işjeňleşdirmegiň wajyplygyna ünsi çekdiler. Türkmenistan OYR-nyň durmuş-ykdysady düzümleriniň işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Biziň ýurdumyz Owganystanyň gatnaşmagynda onuň durnukly ösüşine, sebitleýin we ählumumy işlere doly derejeli goşulyşmagyna, owgan topragynda mizemz parahatçylygy we ylalaşygy kemala getirmäge gönükdirilen giň möçberli başlangyçlary öňe sürdi. Olar – TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygydyr, şeýle hem durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmek, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýan Lapis Lazuli halkara üstaşyr geçelgäniň döredilmegidir. Söhbetdeşler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň gidişi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, 31-nji awgustda Kabulda « Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer bölegini saýlap almak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmek dabarasynyň bolandygyny bellemek gerek. Resminama owgan tarapyndan OYR-nyň şäherleri dikeldiş we ösüş ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M. Karzaý, türkmen tarapyndan - TAPI Pipeline Company Limited paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» DK-dan wekil M. Amanow gol çekdiler.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow