Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 02.09.2020
777

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Gyrgyzystan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideomaslahat aragtanaşygy görnüşinde geçdi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlary, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet baştutanlarynyň III Geňeşmeler duşuşygyna taýýarlyk boýunça pikir alşyldy, ony Bişkekde geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler. Halkara düzümlerinde özara goldawy dowam etmegiň wajyplygy bellenildi. Şeýle hem sebitleýin goşulyşma meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow