Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 29.08.2020
1055

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak zehinli aýdymçylar öz çykyşlarynda berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri wasp etdiler, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň dürdänelerini we nusgawy aýdymlary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Medeniýet merkezi» bölüminiň folklor-etnografiýa studiýasynyň 2-nji derejeli artisti Goçguly Aşyrgulyýewiç Saparow; Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Saparmyrat Güýçmyradowiç Ataýew; Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güýçberdi Annaberdiýewiç Derwaýysow; Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýap geňeşliginiň Uşakýap oba medeniýet öýüniň sazandasy Mekan Jumageldiýewiç Nazarmadow; Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçe medeniýet öýüniň akkompaniatory Babajan Hanmuradowiç Hanmuradow; Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň tans toparynyň tansçysy Maýsa Myradowa.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow