Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 27.08.2020
1053

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, olary bökdençsiz işletmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna şu toplumda 2 sany täze gazturbinany gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnamany, desgany 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmegi we onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek tabşyryldy. Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli işe girizmek bellenildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamy hakyndaky bir bitewi tehniki talapnamalary işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda awtomobil ulag pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna — esaslyk maýadaky paýy 40 göterim we Awtomobil mekdepleriniň birleşigine — esaslyk maýadaky paýy 30 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow