Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
Çap edildi 25.08.2020
870

Şu gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami bilen gepleşikler geçirildi. Nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, iň ýakyn goňşular bilen dostluk we birek-birege hormat goýmak esasynda halkara gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hem-de iki goňşy döwletiň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygy bellenildi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi, hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, iki ýurduň arasynda demir ýol arkaly ýük daşamagy kadaly derejede saklamagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň möhüm orny nygtaldy. Ulag hem-de aragatnaşyk, senagat, oba we suw hojalygy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow