Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanynyň adyna ABŞ-nyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanynyň adyna ABŞ-nyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy
Çap edildi 22.08.2020
1156

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, Amerikan halkynyň adyndan ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň iki ýüz kyrk dört ýyllygy mynasybetli iberen gutlag sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin amerikan halkynyň taryhyna hem-de biziň buýsanýan demokratik we azatlyk ugrundaky däplerimize biziň gatnaşyklarymyzyň nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm senedir. Biz Garaşsyzlyk gününi baýram etmek bilen, Amerikanyň taryhynda ýaşaýyş, azatlyk we bagta ymtylmak baradaky aýrylmaz hukuklary kepillendirmegiň hatyrasyna özlerini pida edenlere hormatymyzy bildirýäris. Biz hemişe dostlarymyz we pikirdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagyna ymtylýarys hem-de gymmatlyklarymyzyň we maksatlarymyzyň geljekde ýüze çykyp biljek islendik kynçylyklaryň öňünde bilelikde işlemek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys. Şeýle hem biz dünýäniň ähli adamlary üçin parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we sagdynlygyň gazanylmagyny maksat edinýäris. Hormatlamak bilen Donald Tramp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow