Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Çap edildi 19.08.2020
792

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu gün açylan bäşinji Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar. Wideomaslahat görnüşinde geçen bu forum Parlamentara birleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamentiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy. Onuň işine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak parlamentari gatnaşdy. Bütindünýä maslahaty «Adamlar we Ýer ýüzi üçin parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün edýän köpugurly has netijeli parlament ýolbaşçylygy üçin» atly baş mowzuk astynda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, şol sanda parlamentariler, Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri we halkara bilermenler maslahatyň çäklerinde halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, hususan-da, pandemiýa garşy umumy göreşi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns berýändigini bellemelidiris. Öz üstüne alan halkara borçnamalaryny, şol sanda döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolan Türkmenistan häzirki döwrüň ähli möhüm wezipeleri boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek we raýdaşlyk ugrunda çykyş edýär.

***
Şu gün Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan oňa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de beýleki edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Arap toparyna BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň baş sekretary Humaýd Mohamed ben Salem ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikler Türkmenistan bilen BAE-niň söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň geljegine, özara haryt dolanyşygyny giňeltmegiň, eksport-import amallaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksada okgunly syýasaty netijesinde, bu ugurda oňyn şertler döredildi. Hususan-da, BAE türkmen dokma we haly önümlerini, azyk harytlary ibermegiň mümkinçiliklerine garaldy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleriniň telekeçilik maslahatlaryny we onlaýn duşuşyklaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.
***
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu edaranyň ýolbaşçylarynyň Rumyniýanyň ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri W.Popesku bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki wagtdaky möhüm meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. COVID-19 pandemiýasynyň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde özara hyzmatdaşlyga hem-de onuň ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Ministrler ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň ähmiýetini bellediler hem-de toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan hyzmatdaşlygyň esasy jähetlerine, şol sanda energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil senagat, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky ugurlaryna seredildi.
***
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň halkara meseleler boýunça saglygy goraýyş ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Asadi-Lariniň ýolbaşçylygynda Eýranyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň öňüni almakda we olaryň ýaýramagyna garşy göreşmekde tejribe alyşmak meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň bu ugurda tejribesi barada aýdylyp, halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen resminamalaryň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan işleriň netijesi bolandygy bellenildi. Şol resminamalar ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde we olaryň öňüni almakda döwletimiziň gazanan ýokary derejesini tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň hem-de beýleki ugurlar boýunça hünärmenleriniň pikirlerini yzygiderli alyşmagy üçin şertleri döretmek maksadynda Alym-lukmanlaryň halkara Geňeşini döretmek barada öňe süren başlangyçlary derwaýys bolup durýar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň beýleki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow