Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň karary
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň karary
Çap edildi 19.08.2020
1064

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek, demokratiýany we halk häkimiýetliligini has-da ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek arkaly halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan taryhy işleriň çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň (mundan beýläk — Konstitusion topar) alyp baran işleriniň hem-de ähli halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny umumylykda makullamak we onuň kabul edilmegini üpjün etmek maksady bilen, Konstitusion topar karar edýär: 1. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça işleri umumylykda tamamlanan diýip hasap etmeli. 2. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça ýurduň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen ara alyp maslahatlaşmalary geçirmeli. 3. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlemeli. 4. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan makullanan halatynda bu Konstitusion kanunyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Konstitusion toparyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow