Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat geçirildi
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat geçirildi
Çap edildi 18.08.2020
905

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de deputatlary Parlamentara bileleşigiň agzasy bolan ýurtlaryň parlamentleriniň zenan ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdylar. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen iki günlük forum Parlamentara bileleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guraldy. Forumyň gün tertibine gender deňligi, zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny we maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek, COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak boýunça ýurtlaryň özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler girizildi. Türkmen tarapynyň wekilleri halkara we parlamentara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan netijeli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözülmegine işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Hususan-da, ýurdumyzda milli Liderimiziň saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda hem-de milli kanunçylygy nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu meseleleriň COVID-19-yň ýaýramagy bilen baglanyşykly häzirki çylşyrymly şertlerde oňyn çözülmegi pandemiýa garşy göreşmekde we oňa täsir etmekde köp derejede zenanlaryň syýasy işjeňligine baglydyr. Olaryň ykdysady hukuklaryny we maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi hem-de ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly ugurlaryň hemmetaraplaýyn bolup, gender meselelerini nazara almak bilen durmuşa geçirilmelidigi bellenildi. Forumyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygyň orny hem-de wezipeleri barada-da pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmalydygyny bellediler, munuň özi durnukly ösüş ulgamynda ählumumy meseleleri çözmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam berer. Şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşmagy parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda yzygiderli, anyk maksatlara gönükdirilip, amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda ýene bir netijeli ädim boldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow