Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Owganystana Real-time PCR lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegi iberildi
Syýasy habarlar
Owganystana Real-time PCR lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegi iberildi
Çap edildi 12.08.2020
896

2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 4-nji awgustda gol çekdi. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine muzdsuz bermek tabşyryldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara işlere işjeň gatnaşýar. Ynsanperwerlik ideallaryna ygrarly Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek ýörelgelerine eýerip, beýleki döwletlere kömek bermäge hemişe taýýardyr.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow