Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 01.08.2020
1452

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit koksuny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýanyň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Russiýanyň we Türkiýäniň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 40 million 113 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ermenistanyň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 767 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
11.03
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
11.03
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.03
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
10.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
top-arrow