Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BAE-niň Prezidentlik işleri boýunça ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BAE-niň Prezidentlik işleri boýunça ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Çap edildi 23.07.2020
864

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de sebitleýin we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine bolan garaýyşlaryň birmeňzeşligi bellenildi. Taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ulag, energetika, himiýa senagaty we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow