Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesini aldy
Syýasy habarlar
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesini aldy
Çap edildi 22.07.2020
1119

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä seredildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmak boýunça ýüzlenmesine seredilmegi mynasybetli ýörite dabara gurnaldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Baş Geňeşiň gatnaşyjylaryna Gurama goşulyşmak işiniň başlangyçlary, hususan-da Türkmenistanyň daşary ykdysady işini durmuşa geçirmegiň täzeçil syýasaty barada gürrüň berdi. Bu ugurda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” wajyp resminama bolup durýandygy barada bellenip geçildi. Ýurduň bu derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşine, daşary söwda ulgamyndaky ornunyň pugtalanmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şeýle-de bu täjirçilik we söwda strategiýalarynyň işlenip düzülmegine hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine degişli bolup durýar. Türkmen tarapynyň çykyşyndan soň, Gurama gatnaşyjy döwletleriň birnäçesiniň, şol sanda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň, Panamanyň, Paragwaýyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Urugwaýyň wekilleri Türkmenistanyň bu Gurama synçy hökmünde goşulyşmak başlangyjyny goldap çykyş etdiler. Geçirilen maslahatlaşmalardan soňra, BSG-niň Baş Geňeşine gatnaşyjy döwletler Türkmenistana BSG-niň synçysy derejesini bermek baradaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler. Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar. 24 ýurtda bu Guramanyň synçy derejesi bar. Türkmenistan synçy derejesindäki 25-nji döwlet boldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow