Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy. Alabaý itleriniň dag-derelerde gezelenç etdirilmeginiň olaryň tohumlyk häsiýetleriniň has-da berkemegine ýardam berýändigini türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän durmuş tejribesi subut etdi. Edermen türkmen alabaýlary, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ilkinji ýöriteleşdirilen merkeziň açylmagy alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny üpjün etmek meselelerine häzirki döwürde möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy. Bu waka hormatly Prezidentimiziň ajaýyp alabaý itleriniň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýän «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň çapdan çykmagyna gabat geldi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu eserinde alabaý itleriniň müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolmak bilen birlikde, goragçysy, kömekçisi, dosty hem-de ýoldaşy bolup, hemişe nusgalyk edermenlik we çäksiz wepadarlyk görkezendiklerini ýazýar. Şeýle häsiýetleri bilen ynsanyň hemrasy bolan bu itler halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde, gündelik durmuşynda hormatly orun eýeledi. Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli gymmatlygymyz hasaplanylýan alabaýlaryň geljekde ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, olaryň dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga hem uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Ýöriteleşdirilen düzümiň döredilmegi bilen alabaýlaryň tohumyny ösdürmek boýunça giň möçberli işlere badalga berildi. Şeýle hem ol ajaýyp häsiýetli gorag itlerini saklamak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Zehinli pederlerimiziň yhlasy bilen ýetişdirilen alabaýlara soňky ýyllarda uly gyzyklanma bildirilýändigini nazara alyp, bu itleriň tohum arassalygyny saklamak we ösdürmek, şeýle hem olary köpeltmek we dürli ugurlar boýunça taýýarlamak meselelerine wajyp ähmiýet berilýär. Dünýäde goragçy itleriň iň gowy görnüşi bolan alabaýlary mundan beýläk-de wagyz etmek, halkymyzyň milli gymmatlygyny ösdürmek işleri barada “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen birinji mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi. Assosiasiýanyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda milli Liderimiziň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak wezipesi durýar. Türkmenler wepalylygy üçin alabaý itine hemişe ýokary baha berip geldiler. Türkmen çopanlaryna mälim bolşy ýaly, goragçy hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý öz eýesini, onuň öýüni, maşgalasyny, aýratyn-da çagalaryny wepalylyk bilen gorapdyr. Şeýlelikde, alabaý çäksiz wepalylygyň, ynamyň we dostlugyň nyşanyna öwrüldi hem-de hut şol düşünjeler assosiasiýanyň nyşanynda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Änew şäherinde düýpgöter täze desgalaryň — weterinar bejerişhanasynyň hem-de öý jandarlaryny saklamak üçin toplumyň gurlup, ulanmaga berilmegi türkmen alabaýlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we olary giňden wagyz etmäge, kinologiýa işini we itşynaslygyň döwrebap ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen wajyp ädime öwrüldi. Desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdy. Biziň alabaýlarymyz dünýäniň ençeme ýurtlarynda gorag itleriň tohumlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýelediler, şonuň üçin milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmez ýaly, olary ussatlyk derejesinde köpeltmek gerek bolup durýar. Weterinar hassahanasy öý haýwanlaryna hyzmat etmekde iň kämil toplum bolup durýar. Bu döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary ýokary derejede bejermek üçin ýörite niýetlenen öňdebaryjy weterinar enjamlary bilen üpjün edildi. Türkmenistanda ilkinji ýokary tehnologiýaly merkezi döretmegiň taslamasyny amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde, innowasion derejesi boýunça bu toplumyň tutuş sebitde deňi-taýy ýokdur. Täze toplum haýwanlara öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Munuň özi epizootik abadançylygy üpjün etmek üçin möhüm şert bolup durýar. Bu ýerden uzak bolmadyk aralykda haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum bina edildi. Bu toplum ýurtda döwlet derejesinde döredilen şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir. Toplum öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak, üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde haýwanlary ýokary derejede saklamak, olaryň gaçmagynyň ýa-da şikes almagynyň öňüni almak, zerur bolan halatynda olara weterinar kömegini bermek üçin ähli zerur şertler döredildi. Şeýle merkezleriň gurulmagy türkmen halkynyň tebigata örän aýawly çemeleşýändigini, daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket edýändigini alamatlandyrýar. Türkmen jemgyýetiniň asylly ýörelgeleri ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, halkymyzyň aňynda pugta orun eýeledi we häzirki döwürde täze mazmun bilen onuň üsti ýetirildi. Bu ynsanperwer gymmatlyklar, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen, döwlet ekologiýa syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu syýasat bioköpdürlüligi, eziz Diýarymyzyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmaga, onuň gözelligini geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilendir. Türkmen topragynda kemala gelen alabaýlara soňky ýyllarda uly gyzyklanmanyň artmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy garaýyşlary bilen şertlendirilendir. Özboluşly tohum itleriniň köpasyrlyk şan-şöhraty barha beýgelip, dünýäniň ähli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany köpelýär. Şeýlelikde, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna agza bolmaga höwes bildirýänleriň sanynyň artýandygyny, aýratyn-da, dünýäniň birnäçe ýurtlarynda alabaý itleri bilen gyzyklanýan hünärmenleriň, itşynaslaryň bu assosiasiýa agza bolmak üçin gyzyklanma bildirýändiklerini nazara alanyňda, gurama ýakyn wagtda halkara derejesiniň beriljekdigini äşgär edýär. Assosiasiýanyň agzalary milli Liderimize ýene bir gezek hoşallyk duýgularyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň arassalygyny saklamaga hem-de täze ugurlaryny döretmäge we sanyny artdyrmaga gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işini maksadalaýyk alyp barjakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň welaýatlaryň bölümleriniň ýanynda şunuň ýaly weterinar toplumlary gurmak üçin olaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak barada çözgüt kabul edildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde alabaý itleriniň gurulmagy meýilleşdirilýän tohumçylyk merkezleriniň, şeýle hem paýtagtymyzda bina edilmegi göz öňünde tutulýan türkmen alabaý itleriniň bäsleşik merkeziniň taslamalary taýýarlandy. Munuň özi halkymyzyň wepaly syrdaşy we milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri hakynda edilýän aladanyň tutuş ýurt möçberinde özüniň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Alabaý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Şeýlelikde, bahar paslynyň ajaýyp pursatlarynda milli Liderimiz özüne sowgat berlen Pälwan atly alabaý güjügine şu aşakdaky şahyrana setirleri bagyşlady.