Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz gorlaryny hem-de Günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda açylan täze nebit ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, şu maksatlar üçin daşary ýurt maýalaryny we tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny işjeň çekmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitiň we kondensatyň täze ýataklaryny gözlemek, ýangyç-energetika toplumynyň ygtybarly çig mal binýadyny döretmek üçin uglewodorod serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlaryny artdyrmagy üpjün etmek boýunça işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtap, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de täze sarp edijileri gözlemek boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümi döretmegiň hasabyna energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, sarp edijileriň ykdysady taýdan amatly, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny ýakynlaşdyrmak pikirini yzygiderli öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidilen netijeli başlangyçlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Bu ulgamda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 2009-njy ýylyň dekabrynda bu gaz geçirijiniň ulanylmaga berlen wagtyndan bäri geçen döwürde her ýyl HHR-e, ilkinji nobatda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanylýan ýataklardan ýokary hilli türkmen tebigy gazynyň ençeme milliard kub metri eksport edilýär. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägindäki ýataklar bu gaz geçirijisiniň ýene-de bir möhüm çig-mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu çäkde gözleg işlerini alyp barmak we ony işläp geçmek boýunça çäreleri önümi paýlaşmak ylalaşygynyň şertlerinde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) amala aşyrýar. 2020-nji ýylyň başyna çenli CNPC bu taslama ABŞ-nyň 8,2 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze energiýa köprüsi türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna uzak möhletli iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi bu ýerde işewür hyzmatdaşlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin örän wajypdyr. Munuň özi, aýratyn hem, Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegi, onuň durmuş-ykdysady düzüminiň berkidilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegi üçin ähmiýetlidir. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Gazyň belli bir möçberinden başga-da, biziň günorta goňşularymyz türkmen energiýa serişdelerini öz çäginden üstaşyr geçirmek bilen uly peýda gazanarlar. Şeýle giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň barşynda toplanan oňyn tejribe Hazarüsti turba geçirijiniň gurluşygynyň hasabyna gaz geçiriji düzümi mundan beýläk-de giňeltmekde ulanylyp bilner. Geçen ýylyň oktýabrynda Ýewropa komissiýasynyň bu gaz geçirijini Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutulýan energetika taslamalarynyň sanawyna goşandygyny bellemeli. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak üçin «Gazprom» bilen baglaşylan 5 ýyllyk şertnamanyň çäklerinde Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna tebigy gazyň iberilýändigini bellemek zerurdyr. Eksport bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesi energiýa serişdelerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň okgunly ösýändigi bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda ýangyç çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap senagat kärhanalary işe girizildi. Hususan-da, şolaryň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin öndürýän desga, Gyýanlydaky ýokary dykyzlykdaky polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen öndürýän polimer zawody hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod bar. Bu desgalar Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem-de banklarynyň gatnaşmagynda guruldy. Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gudrony haýal kokslamak we asfaltsyzlandyrmak boýunça täze desgany gurnamak işleri amala aşyrylýar. Munuň özi nebitiň we kondensatyň düýpli gaýtadan işlenilmegine, geljekde bolsa iňňeli koksuň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynda Ahal welaýatynda sintetiki benzini öndürýän kärhananyň ikinji nobatdakysyny, Balkan welaýatynda metildietanolamin öndürýän desgany hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan izobutan öndürýän desgany, kauçuk, polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýleki önümleri çykarýan zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar. Umuman, bularyň ählisi ykdysadyýetiň innowasion ugruny berkitmäge, eksport ulgamynda ýokary goşmaça bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, nebitgaz senagatynyň işiniň netijeliligini üpjün etmek düzümi hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şu maksatlar üçin her ýyl bu ugra ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär. Dünýädäki iri, gury ýerde ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň biridir. «Mitsubishi Corparation» ýapon kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň deslapky tehniki taslamasyny düzmek işini ýerine ýetirmek barada ylalaşyga gol çekildi. Bu kärhanany «Galkynyş» känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär. Mundan ozal bu gaz käninde umumy kuwwatlylygy «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metrine barabar bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň 3-si ulanylmaga berildi. Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak köp babatda ýataklaryň önümliligini ýokarlandyrmagyň, olary işläp geçmegiň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmagyň hasabyna üpjün edilýär. Bu ulgamda, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary ýurtly hem-de türkmen hünärmenleriniň bilelikde, netijeli işlemegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» paýdarlar jemgyýeti özüni borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. 2018-nji ýylyň ahyrynda onuň bilen Goturdepe ýatagynda 88 guýyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada goşmaça şertnama baglaşyldy. Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, «Türkmennebit» döwlet konsernine Birleşen Arap Emirliklerinde hasaba alnan «Turkmen Petroleum Products Trade DMCC» kompaniýasy bilen «Döwletabat» gaz ýatagyndaky 30 guýuda tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Merkezi Garagumdaky gaz kondensat ýataklar toparyna hyzmat edýän «Zäkli Derweze» gaz arassalaýjy desgalarda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «GP Global Equipment Pte Ltd» (Singapur) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslamany 2022-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, «Derýalyk» önümçilik meýdançasynda gaz guradyjy desgany gurmak, Bagaja gazy gaýtadan işleýän toplumyň birinji we ikinji tehnologik şahalarynyň enjamlaryny getirmek we döwrebaplaşdyrmak üçin potratçyny seçip almak boýunça halkara bäsleşikler geçirilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uludyr. Bilermenler şolaryň gorlarynyň nebitiň we kondensatyň 12,1 milliard tonna, şeýle hem tebigy gazyň 6,1 trillion kub metre barabardygyny çaklaýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde «Petronas Charigali (Türkmenistan)» (Malaýziýa) kompaniýasy işleýär. Bu kompaniýa «Blok-I» çäginde uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak işlerini amala aşyrýar. Şol ýerde seýsmiki gözleg işleriniň toplumy ýerine ýetirildi, gözleg, baha beriş we ulanyş guýularynyň onlarçasy burawlandy, çig mala baý bolan «Magtymguly» we «Diýarbekir» ýataklary ulanylýar. Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gazy gaýtadan işleýän zawod hem-de ýerüsti gaz terminaly işe girizildi. 2020-nji ýylyň başyna çenli maýa goýumlarynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 11 milliard dollaryna golaý boldy. Öz nobatynda, «Dragon oil» (BAE) kompaniýasynyň golçur kompaniýasy bolan «Dragon oil» (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasy «Çeleken» şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklaryny özleşdirýär. Bu ýerde şeýle hem deňiz nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýerine ýetirildi. Şu maksatlar üçin ABŞ-nyň jemi 7 milliard dollary möçberindäki serişde gönükdirildi. Mundan başga-da, «Buried Hill» (Kipr), baş edarasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän «ARETI» kompaniýalary bilen deňiz bölekleriniň birnäçesi boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyklar bar. Italiýanyň “Eni” kompaniýasy indi ençeme ýyllaryň dowamynda Hazar sebitinde netijeli işleýär. Onuň işi «Nebitdag» şertnamalaýyn çäkde alnyp barylýar. Bu ýerde uglewodorod serişdeleriniň esasy gorlary Burun ýatagynda jemlenendir. Kompaniýanyň maýa goýumlary ABŞ-nyň 2,2 milliard dollaryna golaýdyr. «Mitro International» (Britan Wirgin adalary) kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu kompaniýa türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde «Hazar» konsorsiumynyň düzüminde Gündogar Çeleken ýatagyny özleşdirmäge gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Goturdepe ýatagyny Hazaryň kenarýaka zolagynyň geljegi uludygyny tassyklaýan mysal hökmünde görkezýär. Şol ýerde gözleg işleriniň netijesinde 4 müň metrden gowrak çuňlukda ýerleşýän ýokary önümli nebit gatlaklarynyň üsti açyldy. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Singapuryň “Ýug-Neftegaz» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamasynyň çäklerinde gözleg we ulanyş guýularynyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň ikisini burawlamak işleri şu ýylyň ýazynda tamamlandy. Synaglaryň netijesinde nebitiň senagat akymy alyndy. Häzirki wagtda Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşýän guýularyň ýene-de dördüsiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Şolary burawlamagyň nokatlary goşmaça 3D seýsmiki-gözleg barlaglarynyň netijesinde seçilip alyndy. Şol barlaglar Demirgazyk Goturdepe ýatagynda geçirildi. Uzynada ýatagynda arassalaýjy desganyň taslamasyny taýýarlamak we enjamlary getirmek, kondensaty taýýarlamak we ýygnamak üçin halkara bäsleşik yglan edildi. Ozal bu ýerde çuňlugy 7 müň metrden gowrak bolan guýularyň dördüsi burawlandy. Şolarda tebigy gazyň we gaz nebit kondensatynyň senagat akymy alyndy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şeýle guýular Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň taryhynda ilkinji gezek guruldy we häzirki wagtda Merkezi Aziýada iň çuň guýular hasaplanylýar. Şeýle hem guýulary burawlamagyň kese we ýapgyt ugurly döwrebap tehnologiýalary üstünlikli ulanylýar. Türkmenistanyň tutuş nebitgaz toplumyny sanly ulgama geçirmek ýaly şeýle innowasion çözgüdi ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Sözüň doly manysynda, munuň özi burawlamak we nebit çykarmak işlerinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny alamatlandyrýar. Ýataklaryň ýerasty we ýerüsti düzümleri ýörite enjamlar bilen üpjün edilýär. Munuň özi bolsa ýataklary özleşdirmek işiniň gözegçiligini onlaýn ýagdaýynda alyp barmaga we degişlilikde, işleri uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy geologiýa-gözleg işleriniň maksatnamasyny giňelder. Munuň özi nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze gorlaryny ýüze çykarmaga ýardam eder. Nebit we gazly sebitleriň ählisiniň, şol sanda öňden mälim bolan ýataklaryň çäginde has döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly goşmaça seýsmiki barlaglar geçirilýär. Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we onuň möhüm bölegi bolan nebitgaz senagatyny hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tassyklan strategiýasynyň amala aşyrylmagy eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.