Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
«Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara
Syýasat habarlary
«Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara
Çap edildi 13.11.2024
51

Hormatly halkara kinofestiwala gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy taýdan ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.

Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan maksatlara laýyklykda, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary barha ösdürýär. Ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işler alnyp barylýar. Dünýäniň döwletleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklarda medeni diplomatiýa hem möhüm ähmiýet berilýär. Çünki medeniýet we sungat halklary ýakynlaşdyrmakda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.

Hormatly kinofestiwala gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyz dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň mekanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär.

Gadyrly dostlar!

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň, sungatyň, ylym-bilimiň ösen mekany hasaplanýar. Türkmen topragy beýik şahsyýetleri bilen hem şöhratlanyp, taryhda öçmejek yz goýdy. Biz Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly meşhur seljuk soltanlarynyň kemala gelen ýurdunda ýaşaýarys. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli medeni mirasymyz we gymmatlyklarymyz häzirki döwürde barha ösdürilýär. «Türkmenfilm» birleşigine Oguz hanyň adynyň dakylmagy hem merdana pederlerimize, şöhratly taryhymyza belent sarpadan nyşandyr. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilýän filmleriň halkara kinofestiwallarda gazanýan üstünliklerine biz tüýs ýürekden guwanýarys.

Häzirki wagtda Diýarymyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, milli filmleriň döredilmegine we köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda guralýan ugurdaş halkara çärelere gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris. Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirildi. Bu festiwal baý mazmuna eýe bolup, kino sungaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn netijeleri berdi.

Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady hem kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu çärä türki döwletler bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmaklary bolsa bu ugurda hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär.

Hormatly myhmanlar!

Bu günki gün kino sungatynyň döwrebap ösüşleri ähli halklary parahatçylyga çagyrýar, agzybirligi we jebisligi berkidýär. Sungatyň güýji ýürekleri birleşdirýän gudrata öwrülýär. «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň çäginde guraljak çäreleriň hem halklaryň arasynda dost-doganlygy has-da berkitjekdigine, halkara medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara kinofestiwala gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
13.11
«Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara
12.11
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
11.11
Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy
11.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa gatnaşyjylara
10.11
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
10.11
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
09.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
top-arrow