Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy
Medeniýet
Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy
Çap edildi 13.11.2024
656

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.

Ýurdumyzda kinematografiýa işini ösdürmäge, kinoforumlaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlardaky ugurdaş halkara çärelere yzygiderli gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäherinde geçen ýyl “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etdi.

...Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodajykdan ýöräp geçýärler. Bu ýere ýygnananlar çeper we dokumental filmleriň bäsleşiginiň eminlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen mübärekleýärler. Soňra Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalary geçýärler.

Mukamlar köşgüniň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda türkmen kinematografiýasynyň taryhyndan söz açýan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdym-sazlary dabara milli öwüşgin çaýdy. Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmen dünýäsi” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Soňra “Gorkut ata” halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Gutlagda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň mekanyna öwrülendigi bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. “Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew gutlag sözünde guramanyň bu kinofestiwal arkaly türki dünýäniň gymmatlyklaryny tutuş Ýer ýüzüne görkezmäge, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny belledi hem-de festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Dabara Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanan “Gorkut ata” atly wideoroligiň görkezilmegi bilen dowam etdi.

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň, sungatyň, ylym-bilimiň ojagy hasaplanypdyr. Taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetler onuň şan-şöhratyny artdyrypdyrlar. Watanymyz Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly meşhur seljuk soltanlarynyň ýaşap geçen topragydyr. Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň bize miras galdyran milli medeniýeti has-da baýlaşdyrylýar. “Türkmenfilm” birleşigine Oguz hanyň adynyň dakylmagy hem edermen ata-babalarymyza, beýik taryhymyza uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Soňra milli lybasly oglan “Durna” heýkeljigini getirýär. Türkmenistan şu ýyl bu göçme nyşany Gazagystana geçirýär. Soňra myhmanlar çeper we dokumental filmlere baha berýän eminler topary bilen tanyşdyryldy.

Medeni dialogyň esasy wezipesi medeniýetleriň arasyndaky toplumlaýyn, köptaraply gatnaşyklary ýola goýmakdan, türki halklaryň baý medeni taryhy mirasyny, sungatda, kinematografiýada gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekden, döredijilik gatnaşyklaryny höweslendirmekden ybaratdyr.

“Meňli” we “Aşgabat” toparlarynyň çykyşy milli däp-dessurlary wagyz edýän aýdym-sazlar bilen utgaşyp, nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrdy. Türkmen kinofilmlerindäki aýdymlar kino sungatynyň bu giň gerimli çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra “Gorkut ata” kinofestiwalyna gatnaşýan çeper, dokumental filmler bilen tanyşdyrýan gysga görnüşli wideorolikleriň görkezilişi boldy. Şeýle-de festiwala gatnaşyjylar Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň surata düşüren filmleri barada gysgaça maglumat berýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Tomaşaçylar umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan “küştdepdi” tansyny ýerine ýetiren “Miras” folklor toparynyň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Kinoforumyň birinji gününiň wakalary ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy.

Medeni çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler. Bu orta asyr ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ussatlygynyň we şol döwrüň binagärlik sungatynyň ösen derejesiniň aýdyň nyşanydyr. 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýertitreme oňa zeper ýetiripdir. Muňa garamazdan, ol zyýaratçylar üçin özüne çekiji ýerleriň biri bolmagynda galýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi bilen türki dünýäniň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde bellenilýän şu ýylda türkmen halky üçin ajaýyp sowgat boldy.

Şeýle hem myhmanlar ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Häzirki wagtda “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar.

Üç günüň dowamynda giň tomaşaçylar köpçüligine paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda, “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen filmler görkeziler. Kinofestiwalyň ikinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, şol gün “Aşgabat” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy bolar, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gezelenç guralar.

Şeýlelikde, sungatyň güýji kalplary birleşdirýän gudrata öwrülýär. “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň çäklerinde geçiriljek çäreler bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşar.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow