Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen
Syýasy habarlar
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen
Çap edildi 06.07.2020
884

Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we ýolbaşçylygynda şu geçen döwürde ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen, şol sanda halkara düzümleriň çäklerindäki ýokary derejedäki özara hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi. Şunda biziň ýurdumyzyň golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagyna aýratyn üns berildi. Şonuň ýaly-da, ýygnananlar ministrligiň ikinji ýarym ýylda ýerine ýetirilmeli ileri tutulýan wezipeleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň esasy ugurlary, hususan-da, milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda öňe süren Hazaryň täze ekologiýa maksatnamasyny ilerletmek maslahatyň gün tertibiniň möhüm bölümleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, howanyň dünýä derejesinde üýtgeýän şertlerinde Hazaryň ekoulgamyny gorap saklamagyň ähmiýeti, biziň ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň maksatlaryny ilerletmekde, Aral deňziniň giňişliginde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowulandyrylmagynda goşýan saldamly goşandy bellenildi. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan birnäçe anyk netijeli başlangyçlar öňe sürlüp, olar giň halkara goldawa eýe boldy. Şonuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň genetiki serişdelere elýeterliligi düzgünleşdirmegiň Nagoý teswirnamasyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly hem-de olaryň adalatly we deňhukukly esasda Birleşen Milletler Guramasynyň biologiýa köpdürlülik hakyndaky Konwensiýa laýyklykda, olaryň ulanylmagyndan görülýän bähbitleriň bilelikde peýdalanylmagy baradaky meselelere garaldy.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow