Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy
Jemgyýet
Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy
Çap edildi 06.07.2020
2084

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegi şu ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy. Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul ediler, bu bolsa geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 9 müň 490 okuwçy kabul ediler. Türkmen ýigitleri we gyzlary milli we dünýä ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän hünär endiklerini ele almaga çalyşýarlar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň geçişine jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylar. Şeýle hem ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam boýunça okuwlar guralar. Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleriň ençemesini goýdy. Döwrüň talaplaryna laýyklykda hünärmenleri täze ugurlar boýunça taýýarlamagyň usullaryna aýratyn üns bermek, Ylymlar akademiýasynyň alymlary we dürli pudaklaryň hünärmenleri bilen bilelikde bu işi yzygiderli kämilleşdirmek, döwrebap okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak tabşyryldy. Bularyň ählisi elmydama berk gözegçilikde saklanylmalydyr hem-de toplanan milli tejribeleri we dünýä ylmynyň bilim ulgamynda ýeten üstünliklerini göz öňünde tutmak bilen alnyp barylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriň rektorlaryna ýüzlenip, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-aragatnaşyk, aýratyn hem, inžener-tehniki we tehnologiýalar boýunça täze hünärleriň girizilmegini dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna isleg bildirilýän hünärleri çaklamak boýunça işleri geçirmek hem-de edaralaryň we kärhanalaryň işgärlerine bildirilýän esasy talaplary kesgitlemek tabşyryldy. Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň üçin Türkmenistanda iň gowy dünýä tejribesi içgin öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär, innowasion önümçiliklerini özleşdirmek üçin hünärmenleri daşary ýurtlara ibermek hem-de beýleki döwletlerden hünärmenleri çagyrmak iş tejribesi döwlet derejesinde goldanylýar. Häzirki wagtda bu ugurda ylma esaslanmak arkaly işleri kämilleşdirmek, ýokary derejeli hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki gazanylanlardan erkin baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bilim we hünär taýdan taýýarlyk ulgamyny hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, ugurdaş düzümleriň işini döwrebaplaşdyrmak bu işleriň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiziň yzygiderli goldawy netijesinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary hem-de talyplary halkara we döwlet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar, munuň özi geljekki alymlaryň hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna oňat täsirini ýetirýär. Okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw gollanmalary yzygiderli täzelenilýär, many-mazmuny baýlaşdyrylýar, häzirki döwürde ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, möhüm ugurlarda ýöriteleşdirilen täze ýokary okuw mekdepleriniň hem-de şolaryň binýadynda ylmy-barlag institutlarynyň döredilmegi bilimiň derejesini hem-de hilini, ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, bu ulgamlaryň sazlaşykly ösýändigine hem-de dünýäniň intellektual giňişligine işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine 6-njy iýulda badalga alan resminamalary kabul etmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, giriş synaglaryny 22-nji iýul — 11-nji awgust aralygynda geçirmegiň tabşyrylandygyny bellemek gerek. Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 6 — 19-njy iýul aýralygynda, giriş synaglary bolsa 22 — 29-njy iýul aralygynda guralar. Şunda maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw mekdeplerine hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 8-nji awgusta çenli kabul ediler hem-de giriş synaglary 11 — 15-nji awgust aralygynda geçiriler.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow