Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.M.Mämmedowa hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.M.Mämmedowa hakynda
Çap edildi 03.07.2020
1831

Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 3-nji iýuly.

***
Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowa 1973-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat şäherçesinde doguldy. Ýokary bilimli. 1994-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça pedagog-psiholog. Zähmet ýoluna 1994-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup başlady. 1997 — 1999-njy ýyllar aralygynda şol etrabyň orta mekdebinde pedagog-psiholog bolup işledi. 2000 — 2004-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň orta mekdebinde pedagog-psiholog bolup zähmet çekdi. 2004-2005-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 16-ny orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary we soňra Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary. 2010-njy ýylyň maý aýyndan 2011-nji ýylyň apreli aralygynda Aşgabat şäheriniň Çandybil etrap häkimliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparyň I derejeli hünärmeni. 2011 — 2014-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary. 2014-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow