Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanynyň adyna hat gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanynyň adyna hat gelip gowuşdy
Çap edildi 03.07.2020
965

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň doglan günüňiz mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! 63 ýaş — pygamber ýaşy, geçilen durmuş ýolunyň esasy döwrüdir. Syýasatçy Prezident üçin munuň özi taryhy taýdan, bu wezipede öz halky we döwleti üçin amala aşyran işine baha bermekde möhüm tapgyr hem bolup durýandyr. 2007-nji ýylda ähli halkyň ses bermeginiň netijesinde Siz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandyňyz we Siziň ykbalyňyz ýurduň ykbaly üçin ägirt uly jogapkärçilik bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. Geçen ýyllaryň içinde Siz türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ösüşiniň strategik ugruny kesgitlän möhüm taryhy çözgütleri kabul etdiňiz. Häzir ýurt we türkmen halky pikirleri we tagallalary baş maksada ýetmäge — Watanynyň has-da gülläp ösmegini we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen hakyky watançy bolan öz milli Liderine buýsanmaga haklydyr. Türkmenistanda, durmuşa ak ýol açan toprakda doglup, men Siziň ýolbaşçylygyňyzda meniň Watanymyň halkara jemgyýetçiligiň hormatly we abraýly agzasy, durnukly syýasy ulgamy, güýçli ykdysadyýeti, kuwwatly durmuş ugurlary, innowasiýalara we öňdebaryjy bilimlere açyk ýörelgeleri bolan depginli ösýän döwlet bolandygyny görüp, örän uly şatlyk we buýsanç duýgularyny başdan geçirýärin. Meniň hut özüm üçin Türkmenistanyň kosmos pudagyny ösdürmäge başlamak baradaky Siziň çözgüdiňiz möhüm waka öwrüldi. Muny Ýer ýüzüniň ösen döwletleriniň hataryna çykaryp, Türkmenistanyň tehnologiýa taýdan okgunly öňe gitmeginiň binýadyny tutýan strategik ädim diýip hasaplaýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 63 ýaşa ýetip, Siz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, nusga görkezip, hemmeleriň arzuw edýän sagdyn beden kuwwatyny saklaýarsyňyz, at çapmagyň hem-de awtomobil ulagyny dolandyrmagyň ajaýyp ussatlygyny ele aldyňyz. Bu gün Siziň üstüňiz bilen dünýä Türkmenistana parasatly, strategik pikirlenip bilýän, gujur-gaýratly syýasatçynyň hem-de maksatlara we olara ýetmegiň usullaryna aýdyň göz ýetirýän döwlet işgäriniň baştutanlyk edýändigini görýär. Şol maksatlaryň ählisine ýetiljekdigine we Türkmenistanyň Siziň ajaýyp ýolbaşçylygyňyzda rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitjekdigine ynanýaryn. Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň Lideri hökmünde Siziň taryhy işleriňizde täze üstünlikleri gazanmagyňyz baradaky mähirli arzuwlarymy kabul ediň! Oleg KONONENKO, Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işleri boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow