Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 30.06.2020
1196

Kerimguly Berdimuhamedowy edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň şöhratly wakalara beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy dünýä derejesindäki ösüşlere beslemek, ata Watanymyzy syýasy, durmuş-ykdysady taýdan güýçli depginde ösdürmek boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysady taýdan uly ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzyň merdana halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýynlyk görýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, aýdym-saz, çeper döredijilik, ylym, sport bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, täze zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde ýurdumyzda geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri, halypa-şägirtlik ýoly möhüm ähmiýete eýedir. Milli aýdym-saz medeniýetiniň ýollaryny oňat bilýän hem-de oňa belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyzyň parasatly halypaçylygynda Kerimguly Berdimuhamedow aýdym-saz sungaty bilen yzygiderli meşgullanýar. Ol eýýäm halkymyzyň ýüreginde çuňňur orun alan birnäçe saz eserlerini döretdi. Sungat äleminiň ýaş ýyldyzy bolup döredijilik ýoluna düşen ýaş kompozitor, aýdymçy, sazanda Kerimguly Berdimuhamedow täze aýdym-sazlary döretmegiň üstünde yzygiderli işleýär. Ol özüniň döredijilik ylhamyndan joşup çykýan ýakymly hem-de şirin aýdym-sazlary bilen bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk we joşgun paýlap, olary belent maksatlara ruhlandyrýar. Onuň dürli saz gurallaryna ezberlik bilen erk edip, ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynda bolsa bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň ösüşleri, dünýä ýüzüne dolan at-abraýy, jemgyýetimiziň asudalygy we bagtyýarlygy özboluşly röwüşde wasp edilýär. Kerimguly Berdimuhamedowyň döredýän şirin owazly, joşgunly sungat eserlerinde ajaýyp zamananyň belent ruhy ýaňlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp wasp edip, milli sungatymyzyň täze eserler bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýandygyny, baýramçylyk çärelerinde üstünlikli çykyş edýändigini we halk köpçüliginden gelýän köp sanly isleg-arzuwlary, şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Kerimguly Berdimuhamedowy edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmeli we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de 3500 (üç müň bäş ýüz) manat bilen sylaglamaly. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 30-njy iýuny. № 252-VI.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow