Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
710

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň taryhy gatnaşyklara, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine hem-de hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan jogapkärli döwlet işinde hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky döwürde öz ösüşinde täze itergä eýe bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini we uly geljeginiň bardygyny belledi. Söhbetdeşler yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijesinde, oňyn hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykylandygyny bellediler. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna mahsus bolan deňhukuklylyk, açyklyk we özara ynanyşmak hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat hem-de ähli bilelikdäki başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň binýady bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň gury ýer, deňiz, howa we demir ýol gatnawlaryny ösdürmäge ýardam edýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanlary energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna ibermek, kommunikasiýalar hem-de aragatnaşyk ulgamynda ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek babatynda gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini kesgitlediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl-de, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, azerbaýjan doganlarymyza Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe ilerletmekde we durmuşa geçirmekde goldaw berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda birek-birege berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna bolsa bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edildi.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow