Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
697

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gyrgyzystanyň Baştutany milli Liderimiz bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet işlerinde üstünlik arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň gyrgyz kärdeşi bilen ynanyşmak, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň hoşniýetli goňşuçylyk, köpasyrlyk dostluk, ruhy we medeni-taryhy umumylyk esaslaryna daýanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, özara gatnaşyklary geljegi uly birnäçe ugurlar boýunça işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýokary hem-de hökümet derejelerinde yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň we özara saparlaryň netijesinde soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyryldy we hil taýdan täze derejä çykdy. Iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine ýokary baha berip, umumy pikire görä, ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan oňyn çemeleşmeleri ylalaşdylar. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, ikitaraplaýyn ugradylýan harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň göni gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sooronbaý Žeenbekow birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar we giň möçberli özgertmeler ýolunda täze üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow