Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan enäniň saglygyny goramakda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde ykrar edildi
Jemgyýet
Türkmenistan enäniň saglygyny goramakda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde ykrar edildi
Çap edildi 25.06.2020
1238

Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habarda statistiki maglumatlara görä, Türkmenistanyň enäniň we çaganyň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilendigi barada aýdylýar. BMG-niň geçen ýylyň netijelerine beren bahasy boýunça çagany dünýä inderen mahalynda eneleriň ölümi babatda ýurdumyzdaky görkeziji Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň pes görkezijileriň biridir. Bu netije hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny goramak milli Liderimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň çäklerinde milli we sebit ähmiýetli onlarça taslamalar hem-de maksatnamalar amala aşyryldy we olar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň köpüsi saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine, onuň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine, maşgala hemmetaraplaýyn goldaw bermegi öz içine alýan durmuş we syýasy maksatly çäreleriň amala aşyrylmagyna, çagany dünýä indermegiň höweslendirilmegine we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Halkymyzyň abadançylygyny, onuň saglygyny ýurdumyzyň baş baýlygy hökmünde ykrar eden milli Liderimiz saglygy goraýyş düzümleriniň işjeň ösdürilmegine, şeýle hem ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýän halkara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn esasda giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman lukmançylyk we sagaldyş düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, enäniň we çaganyň saglygyny goraýan «Ene mähri» merkezleri guruldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyçlary esasynda bu ugurda ene süýdi bilen iýmitlendirmek we kesellere garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreler halkara guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Köp ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk etmek we bu möhüm ugurda döwlet syýasatynyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak bilen, TYA-nyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň taýýarlanylmagynda möhüm orun eýeledi. Maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesine çykarylmagyna, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagyna we hiliniň has-da gowulandyrylmagyna mümkinçilik berdi. Kesellemegiň derejesini peseltmek strategiýasyny tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirýän Türkmenistan sebitde ýaýran köp sanly keselleriň doly aradan aýrylmagyny hem-de täsiriniň peselmegini üpjün etdi. Ilatyň doly immunizasiýa edilmegi netijesinde, ýurdumyzda poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk, gyzylja ýaly birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi. Gazanylan üstünlikler degişli halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy. Adam bedeninde ýoduň we demriň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak maksady bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýygjam hyzmatdaşlykda azyk önümlerini, hususan-da, uny hem-de duzy ýod bilen baýlaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn we uzak möhletleýin işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek we eneleriň ölüminiň derejesini peseltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda dürli keselleri öz wagtynda anyklamak we bejermek işleri güýçlendirilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek üçin zerur şertler döredilýär. Şeýle hem maşgalanyň durmuş derejesiniň berkidilmegine, ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde enäniň eýeleýän ornuna, türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolan maşgala gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow enäniň we çaganyň saglygynyň berkidilmeginde durmuş goldawynyň wajypdygyny belläp, «Maşgala näçe berk bolsa, jemgyýetimiz şonça baý bolar» diýip nygtady. Bu ýerde gürrüň mümkin bolan ýeňillikler ulgamyny işläp taýýarlamak, şol sanda çagany dünýä inderýän eneleri höweslendirmek, kömek pullarynyň möçberini artdyrmak we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny işjeňleşdirmek hakynda barýar. Göwreli eneleri işinden boşatmak, gijeki ýa-da möhletinden artyk işlere çekmek zähmet kanunçylygy tarapyndan gadagan edilýär. Şeýle hem köp çagaly enelere işiň ýeňilräk görnüşleri hödürlenilýär. Olaryň iş tertipnamasy doly bolmadyk iş güni we beýleki hukuk kepillikleri, köp çagaly eneleriň durmuş goraglylygy üpjün edilýär. Munuň özi çagaly enelere nesil terbiýesi üçin wagtyň döremegini şertlendirýär. Sekiz we ondan-da köp çaga ösdürip ýetişdiren eneler birnäçe ýeňilliklerden peýdalanýarlar we olara «Ene mähri» diýen hormatly at berilýär. Bu ýokary sylag eneleriň häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň we tutuş ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandyna bildirilýän hormatdyr. Her ýylda şeýle hormatly ada Watanymyzyň geljegi bolan hem-de onuň gazananlaryny we ýeten derejesini has-da ösdürjek ýaş nesillere mynasyp terbiýe bermek ýaly jogapkärçiligi öz üstüne alan ýüzlerçe eneler mynasyp bolýar. Umuman, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda durmuşa geçirilýän çäreleriň dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe süren we ony üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny äşgär edýär.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow