Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi
Jemgyýet
Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi
Çap edildi 04.06.2020
1688

3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Ýurdumyzyň şaýollaryna we köçelerine sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän welosipedçileriň köpsanlysy çykdylar. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa meselesi Welosiped gününiň çäreleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzda bu çäräniň Awtoulagsyz gün diýlip yglan edilmegi ýöne ýere däldir. Ekologiýa abadançylygy hakyndaky alada milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir, türkmen halkynyň, her bir raýatyň many-mazmunly we bagtyýar durmuşy, sagdynlygy bu syýasatyň özenini düzýär. Häzirki wagtda ýurdumyz tebigaty goraýyş ulgamynda köptaraply halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýar. Geçen ýyl howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy. «Ozon gatlagyny goramak hakynda» we «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna halkara hukugynyň degişli kadalary ornaşdyryldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýy amatly diýlip häsiýetlendirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä aýratyn üns berýär. Howa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen köpçülikleýin bag ekmek işleri, şol sanda ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam berýän, pyýada gezelenç etmegiň, welosipedde ýa-da jemgyýetçilik ulagynda gatnamagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekýän beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. 3-nji iýunda ýurdumyzyň baş şäherinde sagat 06:00-dan 18:00-a çenli diňe welosipedlerde, awtobuslarda hem-de gaýragoýulmasyz gulluklaryň ulaglarynda hereket etmäge ygtyýar berildi. Bu çäre gözel paýtagtymyza awtoulag serişdeleriniň köpsanlysyndan wagtlaýynça «dynç almaga», awtoulaglaryň çykarýan zyňyndy gazlaryndan howany ep-esli derejede arassalamaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan paýtagtymyzda şol gün hereketleriň çäklendirilmeginiň atmosfera howasyna täsirine gözegçilik geçirildi. Hünärmenler Aşgabat şäherindäki bäş sany hemişelik we göçme gözegçilik nokadyndan howa nusgalyklaryny alyp, onuň düzümine barlag işlerini geçirdiler. Howa nusgalyklarynyň deňeşdirilmegi netijesinde awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň, degişlilikde, zyňyndy galyndylaryň çäklendirilmegi bilen, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň möçberi iki esse peseldi. Şeýlelikde, zyýanly zyňyndylaryň esasy çeşmesi bolan awtoulaglaryň hereketlerini çäklendirmek çäresi, hakykatdan-da, düýpli netije berdi — paýtagtymyzda howanyň arassaçylyk derejesi ep-esli ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlere uly goşant bolup durýar.

Soňky habarlar
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow