Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň ilçihanalary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri geçirdiler
Türkmenistanyň ilçihanalary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri geçirdiler
Çap edildi 03.06.2020
16985

2018-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň «Türkmenistan» seýilgähinde welosiped bäsleşigi geçirildi. Çärä diplomatik wekilhananyň işgärleri, Ankaranyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary, türk paýtagtynyň dolandyryş edarasynyň, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. 10 kilometr aralyga geçirilen welosiped bäsleşigine gatnaşanlar şu seýilgäh toplumyndaky dana türkmen şahyry Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanyndaky pellehana geldiler.

***
Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped bäsleşigini gurady, oňa diplomatik wekilhananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, bu ýerde kowçum ýaşaýan türkmenleriň, şeýle hem Parižde ýerleşýän käbir ilçihanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
***
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Daşkentde welosiped bäsleşigini geçirdi. Baýramçylyk çäresine diplomatik wekilhananyň işgärleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary, bu ýerde kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar. Özbek paýtagtynyň Merkezi seýilgähinde geçen welosiped bäsleşigi 5 kilometr aralyga dowam etdi.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow