Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Çap edildi 03.06.2020
732

ªu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirildi. Onda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri, ilkinji nobatda bolsa, COVID-19 ýokanjyna garşy bilelikdäki göreş ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmak, ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň herekete girizmek boýunça öňe süren başlangyçlaryna ýokary baha berip, Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň lukmançylyk edaralarynyň gepleşiklere gatnaşýan ýolbaşçylary we işgärleri maglumat we tejribe, howply ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de bejermek boýunça gazanylan tejribeleri we bilimleri almak üçin ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

* * *
Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky federal gullugy bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri babatda üç günlük geňeş maslahaty boldy. Ykdysady durnuklylygy berkitmek, şol sanda ählumumy derejede halkara howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA ýurtlarynyň Liderleriniň maslahatynda kabul edilen strategik ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Jarnamanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda Türkmenistanyň terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryna garşy aýgytly göreşip, bu wehimiň garşysyna göreşmek hem-de ony aradan aýyrmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny birnäçe gezek belledi. Geňeş maslahatyna gatnaşyjylar soňky ýyllarda bu ugur boýunça toplanan baý tejribä we halkara giňişliklerinde täze hil we mazmun bilen üsti ýetirilen hyzmatdaşlyga esaslanýan bilelikdäki gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow