Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etegindäki kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etegindäki kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Çap edildi 28.05.2020
1228

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde döredilýän dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, döwrebap dynç alyş düzümi kemala gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen kölüň kenarynda dynç alyş düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna badalga berilmegi bu ýerde medeni-dynç alyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm tapgyra öwrüldi. Adamlaryň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň amatly ýaşaýşy we dynç alşy üçin degişli şertleri döretmek meseleleri ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde häzirki döwürde dynç alyş düzümi işjeň ösdürilýän ugra öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen kölüň kenaryna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde özboluşly tebigy aýratynlyklaryň, ýakymly howa gurşawynyň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, kölüň kenarynda şäher ilatynyň, şol sanda çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerine gönükdirilen döwrebap dynç alyş düzüminiň döredilmegi maksadalaýyk bolar. Bu ýerde dynç alýan dürli ýaşdaky adamlaryň dynç almagy üçin niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, suw attraksionlaryny hem öz içine alýan iri toplumyň gurulmagy hem-de degişli düzümleriň döredilmegi wajypdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ýakyn geljekde bu ýerleriň şäher ilatynyň we onuň myhmanlarynyň söýgüli künjegine öwrüljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer Ş.Durdylyýew milli Liderimiziň garamagyna kölüň kenarynda üç zolak boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi we bu ýerde dynç alyş düzümlerini döretmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenilýän taslamalaryň hatarynda tomusky çaýhanalar, azyk harytlary dükany, sport we oýun meýdançalary, ulular we çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş bassyrmalary bar. Şeýle hem ol ýerde işgärler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, saglyk nokady, «Tiz kömek» ulaglary üçin awtoduralga we gözegçilik diňleri bar. Görkezilen taslamalar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi we bu ýerde paýtagtymyzyň ilaty hem-de onuň myhmanlary üçin häzirki zaman ähli amatlyklary bolan dynç alyş zolagynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, binalaryň gurluşygynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagy, ekologiýa derejesine ähmiýet berilmegi, işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar. Gurluşyk serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, öňdebaryjy binagärlik tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagy wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz bu işleriň degişli derejede alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek amatlyklaryň, sagaldyş hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün edýär. Munuň özi dynç almagyň döwrebap ulgamyna, adam saglygyny, onuň beden, aň-paýhas hem-de ruhy güýjüni dikeltmegiň ajaýyp şertlerine eýe bolan ülkämiziň tebigy gözellikleriniň we serişdeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna täzeçe çemeleşilmegidir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Gök zolaklaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşmagy bu ýerleriň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýerde, ilkinji nobatda, durmuş düzümine degişli desgalaryň, aýratyn-da, garbanyşhanalaryň, söwda dükanlarynyň, çaýhanalaryň, sowuk suwlaryň we doňdurmalaryň söwdasyny guraýan dükanlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz suwa düşülýän pursatlarynda çagalar üçin zerur bolan serişdeleriň, howpsuzlyk derejesiniň üpjünçiligini ýola goýmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde dynç alyş düzümine degişli desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, dynç almaga gelýänler üçin awtoduralgalaryň gurulmagynyň hem-de bu ugra ýolagçy awtobuslarynyň, taksileriň gatnawynyň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi kölüň kenarynda dynç almagy halaýanlar üçin döredilýän amatlyklaryň sanawyny artdyrar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda kottej jaýlarynyň, çaýhanalaryň, kafeleriň, restoranlaryň gurulmagy babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Bu künjegiň arassaçylyk, abadançylyk derejesi, ýokary ekologiýa ýagdaýy hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Mundan başga-da, kölüň kenarynda meýilleşdirilen işler alnyp barylýan pursatlarynda tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegi, halas ediş gulluklarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy möhüm talap bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalary, umuman, makullap, şolaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalarda dynç alyş üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, sportuň suwda oýnalýan görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň bolmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, düzümi dolandyrmagyň täzeçil usullary we bu ugur boýunça dünýäniň ösen tejribeleri işjeň ulanylmalydyr. Soňra döwlet Baştutanymyz kölüň suwunyň arassaçylyk derejesi, suwuň aýlanyşy bilen gyzyklandy. Bellenilişi ýaly, kölüň suwunyň arassalygy ýokary görkezijilere gabat gelýär. Şeýle hem hanada bar bolan suw yzygiderli aýlanyşykda bolýar. Kölüň suwy yzygiderli akdyrylyp, onuň üsti doldurylyp durulýar. Bu bolsa suwuň ýaramlylyk we ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda dowam etmegi we kölüň suwunyň arassaçylyk hem-de ekologiýa ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, şu künjegiň ähli çäkleriniň bagy-bossanlyga bürelmegine, şol bir wagtyň özünde amatly dynç alyş üçin ýokary şertleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bu ugry mundan beýläk-de ösdürmek, dynç alyş-şypahana düzüminiň işini kämilleşdirmek üçin hemme mümkinçilikler bar. Şonuň üçin Gurtly kölüniň kenarynda gurulýan dynç alyş düzümi ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, döwrebap dynç alşy üpjün etmekde öňdebaryjylaryň biri bolmalydyr. Soňra döwlet Baştutanymyz suw ulagynda kölde ýüzüşi amala aşyrdy. Türkmenistanlylaryň abadançylygyny, adamlaryň dynç almagy üçin iň gowy şertleriň döredilmegini ugur edinýän döwlet syýasatynyň aýdyň miwesi bolan bu ajaýyp taslama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlaýan we yzygiderli ýöredýän deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriniň anyk nyşanydyr. Daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak milli Liderimiziň ekologiýa babatdaky syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu gün döwletimiziň ekologiýa syýasaty ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, ilatymyzyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda alnyp barylýan işler tebigy we taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda nusgalyk ýörelgä öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baýlygy bilen tapawutlanýar. Dünýäniň durnukly we sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan Türkmenistanda bu ulgamdaky ýörite maksatnamalara laýyklykda ene topragyň tebigatynyň täsin aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, onuň ajaýyp künjeklerini dünýäde wagyz etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Kölüň çäklerinde suw sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler bar. Köl we onuň töwerekleri ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykda bitewi ekologiýa ulgamyny emele getirýär, munuň özi bu ýerde dynç alyş düzümlerini emele getirmek üçin şertdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtyň etegindäki ajaýyp kölüň kenarynda medeni-dynç alyş zolagyny döretmek baradaky başlangyjy halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzda türkmenistanlylaryň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurluşyk işleri amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, onuň ekologiýa derejesine ähmiýet berilýär. Kölüň kenarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler degişli düzümleriň desgalar toplumynyň we gök zolaklaryň sazlaşygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem kölüň giňişliginde suwuň arassalygyny saklamaga gönükdirilendir. Bu ýerden paýtagtymyzyň ajaýyp keşbiniň açylýandygyny bellemek gerek, ýurdumyzyň baş şäheri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy netijesinde ýyl-ýyldan ajaýyp görnüşe girýär. Ak mermerli binalaryň şu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşmagy ynsan kalbynda ýakymly täsirleri galdyrýan görnüşleri emele getirýär. Döwlet Baştutanymyz gaýykdan ajaýyp ýerli görnüşleri synlap, kölüň kenaryna geldi. Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlan taslamalary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde döredilýän dynç alyş zolagynyň mümkinçilikleri, onuň binagärlik keşbi, gözellik we amatlylyk derejesi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Milli Liderimiz köpçülikleýin çäreleriň dynç alşyň möhüm ugry hasaplanylýandygyny belläp, bu ýerde degişli medeni maksatnamanyň taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Umuman, bularyň ählisi ululara we çagalara şatlykly pursatlary paýlamalydyr, munuň özi ýokary derejeli dynç alşyň esasy ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu ýerde dynç alşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan taslamalaryň birnäçesi görkezildi. Şolaryň hatarynda sport meýdançalary, dükanlar we hyzmatlar ulgamyna degişli binalar we durmuş üpjünçiligi desgalary bar. Gurluşyk işleri geçirilende, dynç alşyň şunuň ýaly düzümlerini döretmek boýunça dünýä iş tejribesinde kabul edilen umumy standartlar berjaý edilmelidir. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, amatly dynç alşy ugrunda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz teklip edilýän taslamalar bilen tanşyp, binalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz kölüň kenarynda döredilýän dynç alyş toplumynyň ähli ilatymyz üçin elýeterli bolmagy, mahabat edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy babatda anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, bu künjegiň ekologiýa meselesine möhüm orun degişli bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminde ulularyň we çagalaryň gyzykly hem-de peýdaly dynç alşyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde sportuň suw görnüşlerini söýýänler üçin ähli şertler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw ulagynyň täze nusgalaryny satyn almagyň mümkinçiliklerine garamagyň zerurdygyny belläp, ynsan saglygyny berkitmekde suw bilen bejerişiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, dürli sport ýaryşlaryny guramak üçin ýörite meýdançalary taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Şu maksat bilen, zerur bolan ýagdaýynda kölüň kenaryna Garagumuň altyn öwüşginli çägelerini düşemek mümkindir diýip, hormatly Prezidentimiz degişli çözgüdi kabul etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz kölüň kenarynda döredilýän dynç alyş toplumynyň desgalarynyň ýerleşýän ýerlerini görkezýän çyzgyny taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, ulularyň we çagalaryň suwa düşýän wagtyny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berildi. Bu ýerde dynç alşyň häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn çemeleşip, şunda ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmelidir hem-de Türkmenistanyň häzirki wagtdaky durmuş-ykdysady ösüşleri göz öňünde tutulmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow