Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň mekdebe çenli edaralarynyň işi kämilleşdirilýär
Jemgyýet
Ýurdumyzyň mekdebe çenli edaralarynyň işi kämilleşdirilýär
Çap edildi 23.05.2020
3684

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek baradaky meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan maksatnamasy Çaganyň irki ösüşi boýunça milli maksatnamanyň dowamy bolup, ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNISEF-niň hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şu günki çärä Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hünärmenleri, mekdebe çenli edaralaryň we mekdepleriň işgärleri, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine öňdebaryjy çemeleşmeleri we innowasion tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak, çagalar baglarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamagyň hem-de olarda durmuş endiklerini ösdürmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň usullaryny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler girizildi. Mekdebe çenli ýaşly çagalary okuwa uzak aralykdan taýýarlamakda ene-atalara usulyýet kömegini bermegiň meselelerine seredildi. Bellenilişi ýaly, işiň bu ugry ÝUNISEF-niň Türkmenistan üçin 2021 — 2025-nji ýyllarda Ýurt boýunça maksatnamasynda öz beýanyny tapar. Lukmançylyk üpjünçiligi hem çaganyň irki ösüşinde uly orun eýeleýär, şunda çagalara sanjym işlerini geçirmek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow