Şu gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, tejribeli itşynaslar we beýleki hünärmenler gatnaşdylar. Ara alyp maslahatlaşmak üçin bu assosiasiýany döretmek, onuň Tertipnamasyny tassyklamak, assosiasiýanyň ýolbaşçysyny, müdiriýetiniň agzalaryny, gözegçilik-derňew toparyny saýlamak baradaky meseleler girizildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň halkymyzyň medeni mirasynyň bölegi hökmünde itleriň bu tohumyny wagyz etmekdäki eýeleýän orny aýratyn bellenildi. Milli Liderimiziň bu kitabynda alabaý tohum itleriniň gelip çykyşy we ösdürilişi barada taryhy, arhiw maglumatlary hem-de köpýyllyk barlaglar umumylaşdyrylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşynda neneňsi ähmiýetli orun eýeleýändigi barada gürrüň berilýär. Bu eser olary terbiýelemäge we saklamaga bolan garaýşyň milli aýratynlyklaryna has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz öz kitabynda alabaý tohumyndan bolan itleri biziň hem, ata-babalarymyzyň edişi ýaly, iň oňat görnüşinde geljekki nesillere miras goýup bilmegimiz üçin olaryň goralyp saklanylmagyna aýawly garamagyň borjumyz bolup durýandygy barada ýazýar. Ugurdaş assosiasiýanyň döredilmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleri babatda milli itşynaslyk mekdebiniň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegine, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaýlary yzygiderli esasda hasaba almaga we köpeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň sentýabrynda açylan «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti nygtaldy. Ol ýurdumyzda şonuň ýaly ilkinji desga bolup, bu ýerde türkmen alabaýlarynyň ady rowaýata öwrülen tohumlaryny hünär derejesinde ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanylýar. Maslahatyň barşynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek barada resminamalar kabul edildi, onuň gün tertibiniň beýleki meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça çözgütler çykaryldy. Assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak teklip edildi. Ses bermegiň netijesi boýunça ol bu wezipä biragyzdan saýlanyldy. Soňra assosiasiýanyň täze saýlanan ýolbaşçysyna söz berildi. Ol bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, täze assosiasiýanyň geljekde ýerine ýetirmeli işleri babatda garaýyşlary, onuň maksatlary hem-de meýilnamalary barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alabaýlaryň goralyp saklanylmagyna we köpeldilmegine, olaryň bütin dünýäde wagyz edilmegine berýän uly ünsi aýratyn nygtaldy. Şeýle hem alabaýlaryň itleriň iň gadymy tohumlarynyň biridigi, muny bolsa Türkmenistanyň Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerinde we beýlekilerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylaryň hem tassyklaýandygy bellenildi. Ýakynda Daňdanakanda — Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşen taryhy oturymly ýerde tapyndylaryň biri ýüze çykaryldy — ol kinniwanja heýkeljik bolup, onda türkmen alabaýynyň tohum häsiýetleri aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolmak bilen, alabaýlar diňe bir kömekçi, goragçy bolman, eýsem, dost hem syrdaş bolup, nusgalyk batyrlyk we çäksiz wepadarlyklaryny görkezdiler. Şeýle häsiýetleri netijesinde, ynsanyň hemrasy bolan bu itler halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde hormatly orny eýeledi. Ata-babalarymyz öz itlerinde gaýduwsyzlyk we mertebe, ýanbermezlik we wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemegi başarypdyrlar. Şunda hem türkmenleriň ahalteke bedewi, el halyçylyk sungaty we milli mirasyň beýleki gymmatlyklary ýaly özboluşly milli aýratynlyklar bilen bir hatarda, ýene-de bir täsin gymmatlygy jemlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Soňky ýyllarda alabaýlara bolan gyzyklanma dünýäde örän güýçlendi. Alabaýlar öz tapawutly daş keşbi bilen has-da uly meşhurlykdan peýdalanýarlar. Olar iri we bedeni kuwwatly itler bolup, häsiýeti we özüni alyp barşy bilen tapawutlanýarlar — alabaýlar mähirlidir, ygtybarlydyr we gulak asyjydyr. Alabaýlar köp ýurtlarda sakçy tohum itleriniň arasynda mynasyp ýagdaýda öňdebaryjy orny eýeledi. Täze assosiasiýanyň öňünde hem alabaýlaryň gymmatly häsiýetlerini gorap saklamak we ösdürmek wezipesi durýar. Bu tohumyň kemala gelmegi babatda asyrlardan gelýän däplere eýerilmegi onuň ajaýyp häsiýetlerini saklamaga kömek eder. Şol häsiýetler türkmen alabaýlaryny beýleki tohum itlerinden tapawutlandyrýar. Alabaý birnäçe müňýyllyklara uzaýan durmuş synagyndan üstünlikli geçdi. Şoňa görä-de, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi täze eýýamda onuň taryhy nesil daragtynyň mynasyp dowam etjekligidir. Bu tohum itleriň hakyky janköýerleri olary diňe hünär derejesinde köpeltmelidigine ynanýarlar. Bu bolsa onuň ajaýyp häsiýetleriniň hiç birini ýitirmez. Çünki şu babatda hem taryhyň öňünde biziň jogapkärçiligimiz durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.