Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
DIM-de geçirilen brifing
Jemgyýet
DIM-de geçirilen brifing
Çap edildi 22.04.2020
1666

Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek we saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän işler barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynda adam we onuň abadançylygy baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilmegi netijesinde, ýurdumyzda bu ugurda uly, yzygiderli işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň öňüni alyş işleriniň düýpli güýçlendirilmegine gönükdirilmegi, ýokanç keselleriň öňüni almak, häzirki zaman jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýäni we sporty, esasan-da, ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek soňky ýyllarda geçirilen anyk çäreleriň hatarynda görkezildi. Hakykatdan-da, saglygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi ýyl-ýyldan barha giň gerime eýe bolýar, ýaryşlar, umumymilli bäsleşikler yzygiderli ýagdaýda geçirilýär, Saglyk ýoluna ýörişler guralýar. Bu çärelere ilatyň ähli gatlaklary, ilkinji nobatda talyp ýaşlar giňden çekilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan köpugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, bu ulgam dünýä derejesine çykaryldy, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri has giňeldildi we hili ýokarlandyryldy. Bu ulgamyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär — tutuş ýurdumyz boýunça iň täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, bejeriş-öňüni alyş edaralary, şeýle hem derman senagatynyň täze desgalary guruldy, olarda ýerli çig malyň esasynda uly islege eýe bolan derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Brifinge gatnaşyjylar öz halkynyň saglygy hem-de beden taýdan kämillik meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan milli Liderimiziň şahsy göreldesine eýerip, geljekde hem öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ähli güýçlerini hem-de bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow