Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşine badalga berildi
Jemgyýet
Oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşine badalga berildi
Çap edildi 17.04.2020
1588

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetinden (EMAU) oba hojalyk ylymlarynyň professory Gamlet Martirosýanyň wideosapagy guraldy. Talyplar üçin niýetlenen sapak 2017-nji ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylalaşygy amala aşyrmagyň çäklerinde guraldy. EMAU-nyň agronomçylyk fakultetiniň ösümlikçilik we topragy öwreniş kafedrasynyň professory «Oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň we tohumçylygynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ösdürmegiň ugurlary» diýen mowzuk boýunça sapak berdi. Ol mysal hökmünde Ermenistanyň Agrar uniwersitetiniň, bu ýurduň beýleki seçgiçilik merkezleriniň degişli ugurda ylmy gazananlaryny getirdi. Sapak tamamlanandan soň, professor Martirosýan oňa gatnaşan türkmen talyplarynyň hem-de professor-mugallymlaryň sowallaryna jogap berdi. Ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde ermeni professory tarapyndan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň adyna seçgiçilik gollanmalarynyň nusgalaryny ibermek teklip edildi. Onuň habar berşi ýaly, Ermenistanyň Milli agrar uniwersiteti şeýle gollanmalaryň 1500-den gowrak nusgasyna eýe bolup durýar. Agrar uniwersitetinde bilim bermegiň usullary, Ermenistanda ösdürilip ýetişdirilýän dänelik ekinleriň görnüşleri, seçgiçilik tehnikalarynyň we tärleriniň aýratynlyklary babatda hem sowallar berildi, professor olara giňişleýin jogap berdi. Duşuşygyň ahyrynda ýokary okuw mekdepleriň wekilleri şeýle sapaklaryň geçirilmeginiň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyna umyt bildirdiler hem-de şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nobatdaky beýanyna öwrülip biljekdigini tassykladylar.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow