Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Konstitusion toparyň ýanyndaky Iş toparynyň maslahaty
Jemgyýet
Konstitusion toparyň ýanyndaky Iş toparynyň maslahaty
Çap edildi 15.04.2020
1498

Şu gün Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda döredilen Iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, alymlar, şeýle hem Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilermenleri girýän Iş topary «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň ähli halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylan taslamasy boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegi dowam etdiler. Maslahatda ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly meseleler esasy işleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hereket edýän Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek, Milli Parlamenti döwrebaplaşdyrmak hem-de Halk Maslahatyna täze hukuk derejesini bermek baradaky başlangyçlary halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar demokratiýa, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanan raýat jemgyýetiniň institutlaryny berkitmegiň, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň, ony döwrüň talaplaryna, halkara ölçeglere hem-de hukuk kadalaryna laýyk getirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Maslahatyň barşynda ylym we bilim edaralarynyň wekilleriniň habarlary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda döwlet gurluşynyň we döwleti dolandyrmagyň milli tejribesini beýan etdiler, şeýle hem halkara tejribeden konstitusion özgertmeleriň anyk mysallaryny getirdiler. Hususan-da, Esasy Kanuna girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň türkmen halkynyň köpasyrlyk demokratik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagy Konstitusion toparyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýygnananlar Kanunyň kabul edilmeginiň türkmen halky üçin taryhy waka öwrüljekdigi barada bir pikire geldiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu işiň üstünlikli dowam etdirilmegi Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmäge mümkinçilik berer. Maslahata gatnaşyjylar Iş toparynyň işleri bilen bagly bolan, şol sanda ilat arasynda wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny kesgitlediler.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow