Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary atçylyk ulgamyndaky işleri kämilleşdirmek, bu pudagy ösdürmek ugrunda täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça nobatdaky ädim boldy. Döwlet Baştutanymyz bu resminama bilen, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnamany hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady. Guramaçylyk üýtgetmeleri arassa ganly ahalteke atlaryny köpeltmek, bu täsin tohum atlary, olaryň ajaýyp nesil yzarlaýan häsiýetlerini, sport we gözellik taýdan gymmatlyklaryny gorap saklamak we artdyrmak boýunça giň gerimli işlere itergi bermäge gönükdirilendir. Islendik pudakda täzelikleri ornaşdyrmazdan, ösüş gazanmak mümkin däl. Şoňa görä-de, köpasyrlyk däplerimize daýanýan ýurdumyzyň atçylygynyň bäsleşige ukyplylygy häzir diňe ýokary ylmy mümkinçilik hem-de tehnologik derejeler, iň oňat döwrebap tejribe bilen üpjün edilip bilner. Ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny täzeden dikeltmek işindäki ägirt uly hyzmat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary we goldawlary bilen, milli atşynaslyk ýurdumyzyň durmuşynda mynasyp orna eýe bolup, halkymyzyň mirasyny, medeniýetini, taryhy tejribesini hem-de onuň zähmetsöýerligini, döredijilik taýdan işjeňligini we ylhamyny özünde jemledi. Türkmenistanda sportuň atçylyk görnüşleriniň ösdürilmegini hem-de tohumçylyk-seçgiçilik işine degişli ugur babatda halkara gatnaşyklary ösdürmäge iteren atçylyk pudagynyň häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek, at çapyşyk ulgamyny döretmek, çapyksuwarlary we seýisleri taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy geçen 10 ýylda dürli ýurtlaryň atşynaslary bilen hünär derejesinde gatnaşyk etmek üçin abraýly meýdança öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň, behişdi bedewlere uly sarpa goýýanlaryň hem-de olaryň hakyky janköýerleriniň ylalaşykly işleri bedewleriň dünýäde ýaýraýşynyň gerimini giňeltmäge we adamzat ösüşiniň döreden ajaýyplygy hökmünde ahalteke tohum atlarynyň özboluşlylygyna hem-de ähmiýetine ählumumy ünsi güýçlendirmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenilen guramanyň esasy wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hakyky ýokary göterilişi başdan geçirýän ýurdumyzyň atçylygynyň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan ady rowaýata öwrülen bu bedewleriň iň naýbaşysyny saýlamak ugrunda bäsleşik — diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygyna öwrülen deňsiz-taýsyz bedewleriň gözelliginiň özboluşly gözden geçiriliş sergisi döredildi. Munuň özi ýurdumyzda milletiň medeni mirasyny gorap saklamak we hususan-da, atşynaslyk işine neneňsi üns berilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Bedewiň keşbi türkmen şekillendiriş sungatynda-da aýratyn orun eýeleýär. Her ýyl bu mazmundaky ýüzlerçe işlerden iň gowulary saýlanyp alnyp, baýraklara mynasyp bolýar. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp däbi dowam edip, Aşgabatda 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşigi geçirmek hakynda Buýruga gol çekdi. Ahalteke bedewleriniň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hemişe behişdi atlarymyzyň şanyna guralýan dabaralaryň ajaýyp pursadyna öwrülýär. Döwürlerden geçip, menzilleri aşýan ganatly ahalteke bedewlerimiz, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä boýunça deňsiz-taýsyz ýörişini dowam edip, zähmetiň we döredijilik başlangyçlarynyň sazlaşygyny, ylhamyň, gözelligiň we päkligiň güýjüni alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, biz täze eýýamda ajaýyp behişdi bedewleriň hiç öçmejek şöhratynyň täze belentliklere galyp, has-da uly güýç bilen nur saçmak bilen, halklaryň abadançylygynyň, Ýer ýüzünde dostlugyň we parahatçylygyň bähbidine beýik maksatlara tarap biziň ýollarymyza şugla saçýandygyny buýsanç bilen nygtap bileris.