Goranmak ministrligi tarapyndan neşir edilýän «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmeleriniň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär. Žurnalyň nobatdaky sany türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan makala bilen açylýar. Şol waka halkara gatnaşyklarda hakyky hadysa öwrüldi. Makalada dürli mysallar getirilip, olar dünýä giňişliginde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýär hem-de ýurdumyzyň saýlap alan daşary syýasy ugrunyň takyklygyny tassyklaýar. Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň biri 27-nji ýanwarda her ýyl bellenilýän baýramçylyga — Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp, ol okyjylary harby ulgamda geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyrýar. Makalada bellenilişi ýaly, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda ýurdumyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ýaragly Güýçlerimizi maddy-enjamlaýyn üpjün etmek hem-de esgerleri taýýarlaýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirýär. Şunda ýaş harby gullukçylaryň döredijilik we intellektual mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna uly üns berilýär diýip, makalanyň awtory aýratyn nygtaýar. Häzirki wagtda ýaşlaryň ukyplaryny we raýat hünärlerini nazara almak bilen, olar möhletli harby gullugy geçýärler. Mysal üçin, söweşjeň bilen bir hatarda, aýdym-saz bilimli gulluga çagyrylanlar harby orkestrleriň we toparlaryň düzümine girip bilýärler, ýaş alymlar bolsa harby bölümleriň ylmy barlaghanalarynda öz ylmy işlerini geçirip bilýärler. Harby gullukçylaryň döredijilik zehinleri netijesinde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Olaryň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen baýramçylyk konserti, şeýle hem harby institutda guralan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň okuw-usulyýet sergisi bar. Žurnalda okyjylaryň dykgatyna harby-watançylyk wideoşekilleri taýýarlamak işi bilen tanyşdyrýan makala ýerleşdirildi. Şol wideoşekiller hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Milli goşunynyň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen harby özgertmeleri şöhlelendirýär. Baý mazmunly bezelen makala dürli wideoşekillerden parçalary öz içine alýar. Olar häzirki wagtda ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda we belli web-saýtlarda görkezilýär. Internet ulgamynda şol wideo işlere gelip gowuşýan oňyn seslenmeler olaryň ýaşlarda uly täsir galdyrýandygyna şaýatlyk edýär. Beýleki bir makalada Harby-howa güýçleriniň hem-de Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň uçarmanlarynyň gullugy hakynda gürrüň berilýär. Makalanyň awtory sesden çalt uçýan uçaryň üstünde adamyň başyndan geçirip biljek duýgularyny beýan edýär, harby awiasiýanyň uçarmanlaryny taýýarlamagyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýar. Okyjylar Harby-howa güýçleriniň serkerdeleriniň durmuşy, olaryň gündelik türgenleşikleri, harby tälim okuwlaryna, harby ýörişlere taýýarlyk görşi barada tanşyp bilerler. Žurnalyň täze sany 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan makala bilen dowam edýär. Onuň awtory türkmen halkynyň Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna goşan uly goşandy hakynda wajyp maglumatlary getirýär. Şol urşa gatnaşan türkmen esgerleriniň 104-si «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ada, 130 müňden gowragy dürli söweş ordenlerine we medallara mynasyp boldular. Türkmen aýal-gyzlary Goranmak gaznasyna jemi agramy 7 müň 392 kilograma barabar altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar. Bu tutuş Sowet Soýuzy boýunça umumy ýygymlaryň 75 göterimine deň boldy. Neşiriň merkezi sahypalarynda Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň depginini şöhlelendirýän infografika ýerleşdirildi. Şol guramalaryň hatarynda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýlekiler bar. Žurnalyň täze sany harby lukmançylyk gullugynda dürli wezipelerde 38 ýyl zähmet çeken, harby lukmanlaryň ençeme neslini ösdürip ýetişdiren lukmançylyk gullugynyň ätiýaçdaky polkownigi barada gürrüň berýän makala bilen dowam edýär. Onda halypa lukman öz baý durmuş tejribesi, gullukda bolup geçen täsin wakalar barada gürrüň berip, ýaşlary ata Watanymyzyň bähbidine wepaly gulluk etmäge çagyrýar. Kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işine bagyşlanan makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda raýatlaryň hukuklaryny amala aşyrmak hem-de halkymyzyň bagtly durmuşy üçin şertleri döretmek maksady bilen, kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Şeýle-de, žurnalyň okyjylarynyň dykgatyna türkmen balykçylarynyň sport edermenligi hakynda makala hödürlenýär. Şol balykçylar 1936-njy ýylda taýmyl gaýyklarynda Hazar deňzi, Wolga we beýleki derýalar arkaly Türkmenbaşy şäherinden Moskwa çenli 4 müň 600 kilometrden gowrak ýoly 93 günde geçipdirler. Makala okyjylary şol edermen adamlaryň terjimehaly, geçen ýoly hem-de taýmyl ýörişi hakyndaky beýleki gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Neşiriň makalalarynyň birinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Milli goşun» žurnalynyň saýtynda geçirilen «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin» atly döredijilik internet-bäsleşigi hakynda gürrüň berilýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guralan bu bäsleşik zehinli ýaş awtorlary ýüze çykarmagy we goldamagy, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde gün-günden ösdürilýän sanly tehnologiýalaryň we internetiň mümkinçiliklerini görkezmegi ugur edindi. Şeýle hem neşirde internet bäsleşiginiň ýeňijileriniň goşgulary, sagdyn durmuş ýörelgesi hakynda maslahatlar, harby tehnologiýalar dünýäsinden derwaýys täzelikler, tejribeli harby gullukçylaryň söhbetdeşlikleri we beýleki makalalar ýerleşdirildi. Türkmen dilinde çärýekde bir gezek çap edilýän «Milli goşun» žurnaly okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Ýokary hilli fotosuratlar we habarlar žurnalyň tapawutly aýratynlygy bolup, olar watançylygyň we edermenligiň hakyky mekdebi bolup durýan harby gulluk hakynda, türkmen halkynyň asuda durmuşynyň goragynda duran Watan goragçylarynyň gündelik durmuşy barada gürrüň berýär.