Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi
Jemgyýet
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi
Çap edildi 01.04.2020
2049

Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi, onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde şeýle hem guramaçylyk meselesine garaldy, oňa laýyklykda, A.Dadaýewiň pensiýa çykmagy sebäpli, ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyryldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýewiň üstüne ýüklenildi. Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini hemişe goldaýandygy, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Watanymyzyň geljekde hem abadançylygynyň bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow