Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Jemgyýet
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Çap edildi 29.03.2020
1157

Şu gün, dynç güni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmak, şol sanda at münmek hem-de döredijilik işlerine sarp etmek ýaly adaty endigine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy, atly gezelenç etdi hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Tebigatyň gözelligi ýylyň islendik paslynda ruhuňy belende göterýär, ýaz paslynyň howasy bolsa aýratyn joşduryp, ynsanda täze maksatlary, pikirleri döredýär. Şu günler atçylyk toplumyny gurşap alýan dag etegindäki jülgelerde özboluşly tebigy gözellikler, ýaz paslynyň pursatlary ynsana ýakymly täsir edýär. Tämiz howa, açyk asman, gök otlar Köpetdagyň etegine gözellik çaýyp, guşlaryň sesleri kalbyňy heýjana salýar hem-de göwnüňi belende göterýär. Munuň özi tebigatyň gözelliklerini, ahalteke bedewi ýaly ajaýyp eseri döreden suratkeşiň we heýkeltaraşyň zehinini özünde jemlän bedewler bilen didarlaşmak üçin iň gowy pursatdyr. Şol eseri kämillige ýetirmäge adamlar öz goşantlaryny goşdular. Türkmenler asyrlaryň dowamynda ady rowaýata öwrülen behişdi bedewi kemala getirmekde bahasyna ýetip bolmajak baý tejribe topladylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu gün türkmen atşynaslarynyň ygtyýarynda bedewleri ösdürip kemala getirmegiň gadymy däplerinden başga-da, dünýä ylmynyň gazananlary, döwrebap tehnikalar we tehnologiýalar, pudagyň öňdebaryjy we ösen düzümi bar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek işinde taýsyz tagallalary edip, öz asylly işi bilen tutuş dünýäde ahalteke bedewlerini wagyz etmäge hem-de halkara bileleşigiň ünsüni olaryň taryhy Watanyna hem-de bu ugurda milli mirasymyza çekmäge uly goşant goşdy. Milli Liderimiziň atlara söýgi bilen garap, olara özüniň boş wagtyny bagyşlap, edebi döredijiliginde ahalteke bedewlerini wasp edişi hemmämize mälimdir. ...Döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşyp, Gyratym atly bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi. Şondan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi ýorgalap çapdy. Behişdi bedewiň ýurdumyzyň baş nyşanyna öwrülmegi, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň aýdyň beýanyna öwrülmegi kanunalaýyklykdyr. At türkmen üçin wepaly ýoldaş we dostdur, ygtybarly kömekçi we sazlaşygyň nusgasydyr, şonuň üçin bedew barada rowaýatlaryň, ertekileriň we nakyllaryň döredilmegi tötänden däldir. Halkymyzyň döredijilik ylhamy bedewi jadyly güýje öwürdi, şonuň üçin behişdi bedewler arzuw, üstünlik ýaly duýgular, ýagşy arzuwlar bilen sazlaşýar. Elbetde, bularyň hemmesi gadymy döwürlerden şu günlere çenli milli sungatda hem öz beýanyny tapdy. Bedewleriň tebigy gözelligi, olaryň ýyndamlygy, wepalylygy köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar üçin ylham joşgunynyň çeşmesi bolup hyzmat etdi. Döwlet Baştutanymyz öz kitaplarynda Diýarymyzyň taryhyna, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelere, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýýandygynyň misilsiz subutnamasydyr. Şu gün döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumyndaky iş otagynda täze kitabyny döretmäge girişdi, onda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri hem-de döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky çuňňur pikirler öz beýanyny tapar. Milli Liderimiz eseri ýazýan wagtynda ylmy maglumatlara hem-de ygtybarly edebi çeşmelere, asyrlar aşyp gelýän we halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ýörelgelere esaslanýar, türkmen halkynyň baý taryhyny, il arasynda ýörgünli rowaýatlary, halk döredijiliginiň eserlerini içgin öwrenýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň has gymmatly hem-de ygtybarly bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň milli mirasymyzy kabul etmegine aýratyn üns berýär. Çünki biziň mirasymyz — bu diňe ýadygärlikler, döredijilik, däp-dessurlar däl-de, eýsem, halkymyzyň ruhy baýlygy, onuň durmuş-taryhy hakydasy bolup, olara ýüzlenilmegi öçmejek hakykaty, ata-babalarymyzyň wesýetlerini, olaryň ahlak ýörelgelerini hem-de häzirki jemgyýetiň düşünjesinde geljekki nesillere pentleri ýetirmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz bu ugurda esasy maksatlary kesgitläp, birleşdiriji baş pikiri: milli baýlygymyza ägirt uly medeni maýa nukdaýnazaryndan seretmek pikirini öňe sürýär. Bularyň hemmesi nusgawy edebiýata hem, halk sazlaryna hem, amaly-haşam sungatyna, binagärlige we däbe öwrülen senetlere, döredijilige hem-de etnografiýa, gözellige we türkmen topragynyň tebigatyna degişlidir. Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi ösdürmek meselesine uly ähmiýet berýär. Döwletiň döredýän şertleri dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köpdürli görnüşlerini döretmäge, türkmeniň baý mirasyny dünýä ýaýmaga ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik işgärleriniň öňünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň düýpli özgertmeleriniň häsiýetine we gerimine laýyklykda döwletiň ideologiýa binýadyny döretmek boýunça möhüm wezipeleri goýýar. Gürrüň, hususan-da, adam serişdesini kämilleşdirmek we jemlemek hakynda barýar. Şol serişdä diňe medeniýet ulgamy däl-de, umuman, demokratik ýurt hökmünde ruhy gymmatlyklary, şahsyýetiň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýulmagyny wagyz edýän Türkmenistanyň jemgyýeti we ykdysadyýeti esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlary terbiýelemek, şol sanda döwrüň synagyndan geçen halk terbiýesiniň esasynda kemala getirmek meseleleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu mesele döwlet Baştutanymyzyň täze eserinde hem gozgalýar, onda milli dünýägaraýşyň etiki ýörelgelerine, maşgala sütünlerine, tebigata bolan garaýyş, asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlara möhüm orun berilýär. Türkmeniň edim-gylymynyň esasy aýratynlyklary, baryp, gadymy döwürlerde, köp sanly däp-dessurlaryň dörän wagtynda emele gelip başlapdyr. Häzir olar nesilden-nesle aýawly geçirilýän halk paýhasynyň genji-hazynasy bolup durýar. Bu dowamly işde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ene toprak bilen tebigy-genetiki arabaglanyşyk hem-de halkyň ruhy ýaly esasy pursatlary görkezýär. Parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoşniýetlilik türkmeniň häsiýetiniň aýrylmaz alamatlary bolup, olar diňe goňşularyň medeniýetine we däplerine hormat goýmakda däl-de, eýsem, ylymda we sungatda gazanylan zatlarda öz beýanyny tapdy. Häzir şol alamatlar täze äheňe eýe bolup, olar halkara gatnaşyklarda, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýüze çykdy. Milli Liderimiziň her bir kitaby milli medeniýetimiziň taryhy hakynda maglumatlaryň hazynasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýän ynsanperwerlik duýgusy hakynda gürrüň berýän eserdir. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ýazyp başlan işiniň hem halkymyzyň ruhy baýlygyna öwrülip, türkmen medeniýetiniň, onuň dürli ugurlarynyň gülläp ösmegi, ata Watanymyzyň zehinleriniň has-da artmagy üçin ýene-de bir itergi berjekdigi gürrüňsizdir.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow