Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli öz raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmegini dowam edýär
Jemgyýet
Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli öz raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmegini dowam edýär
Çap edildi 25.03.2020
5175

Türkmenistan daşary ýurtlarda, ozaly bilen, täze koronawirus epidemiýasy ýaýran ýurtlardan öz raýatlaryny, şol sanda dünýäniň esasy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary hem uçarlar arkaly getirmegi guramak boýunça işleri dowam edýär. «Türkmenhowaýollary» Agentligi Hytaýa birnäçe çarter uçar gatnawlaryny gurady, netijede türkmenistanlylaryň müňlerçesi döwlet hasabyna ýurdumyza getirildi. Türkmenistan HHR-da koronawirus ýokanç keseli ýaňy ýaýrap başlandan şeýle hereket eden ýurtlaryň ilkinjileriniň biri boldy. Şunda howa gämileriniň ählisinde wirusolog we beýleki lukmançylyk hünärmenleri bolup, olar uçaryň üstünde öýüne gaýdyp barlýanlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etdiler. Türkmen ýaşlarynyň aglaba bölegi 2019-njy ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň dürli şäherlerinde bardy. Bu ýurtda howply ýokanç keseller ýaýraýandygy barada habar ýüze çykandan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygynyň we ömrüniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin olary Watanymyza getirmek barada tabşyryk berdi. Şondan soň türkmen raýatlaryny şeýle hem Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan getirmek boýunça ýörite uçar ugurlary guraldy. Häzirki wagtda DIM, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary, Döwlet migrasiýa gullugy bilen işler utgaşdyrylyp, uçarlaryň dürli ugurlary işlenilip taýýarlanylýar. Mundan başga-da, Türkmenistanda ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmegine ýol bermezlik üçin teplowizorlar, infragyzyl we elektron termometrler bilen üpjün edilen serhet we gümrük gulluklarynyň ählisinde arassaçylyk-keseliň öňüni alyş hem-de lukmançylyk gözegçiligi güýçlendirildi, toplumlaýyn keseliň öňüni alyş, düşündiriş işleri geçirilýär. Türkmenistana gaýdyp gelen talyplaryň internet-platforma geçip, umumy sapaklary we amaly-ylmy sapaklary wideoşekilde alyp barýan öz okaýan ýokary okuw mekdeplerinde uzak aralykdan okamaga mümkinçiligi bar.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow