Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Parasatly halk däpleri: pederlerimiziň tejribesiniň häzirki döwürde ulanylyşy
Jemgyýet
Parasatly halk däpleri: pederlerimiziň tejribesiniň häzirki döwürde ulanylyşy
Çap edildi 15.03.2020
1649

Türkmenlerde geleniň gözi düşer ýaly ýerde – howluly jaýlaryň derwezesiniň üstünde we daragtlardan alaja bilen daňylan dermanlyk ot – ýüzärlik asyp goýmak däbi bar. Halk arasynda bu ot öýe şowlulyk getirýär diýen ynanç bar. Mundan başga-da, Türkmenistanda, asla tutuş Merkezi Aziýada ol meşhur dermanlyk serişdesi hem hasaplanylýar. Ýüzärlik dürli halk dessurlarynda ulanylypdyr. Onuň tüssesi her hili howp-hatarlardan we kesellerden goraýar hem-de olary dep edýär diýip hasaplanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme dilde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji jildinde ylym dünýäsinde Peganum harmala ady bilen tanalýan bu ösümligiň biologik aýratynlykalry we ösüş şertleri, dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş aýratynlyklary, himiki düzümi jikme-jik giňden beýan edilýär. Häzirki zaman ylmy ýüzärligiň şahalaryny we ýapraklaryny ýakyp, öýi tüsseletmegiň adam saglygy üçin howply bakteriýalaryň ösmegine ýol bermeýändigini subut etdi. Onda esasan-da fiziologik taýdan işjeň, janly organizme güýçli täsir edýän ösümlikleriň dokumlarynda emele gelýän çylşyrymly birleşmeleriň – alkoloidleriň ençemesi bardyr. Ýüzärligiň Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň merkezi arenasyndaky at şekili bilen bile şekillendirilendigini hem bellemek gerek. Munuň özi hem türkmen halkynyň öz milli däplerine aýawly garap, taryhy tejribesinden iň parasatly we peýdaly zatlary şu gün hem ulanýandygynyň ýene bir subutnamasydyr. Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Multimediýa/Wideo» bölüminde ýerleşdirilen wodeoşekillerinde görüp bilersiňiz.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow