Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
Çap edildi 27.11.2024
2280

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hanym Pia Kaumany mähirli mübärekläp, saparynyň dowamynda onuň gatnaşmagynda geçiriljek, parahatçylygy üpjün etmekde dialogyň ornuna bagyşlanan forumyň hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, maslahatyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi we onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Söhbetdeşler häzirki wagtda parlamentara gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagy, düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup çykyş edýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi aýdyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti assambleýanyň sessiýalaryna, onuň howandarlygynda geçirilýän dürli okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen birlikde, ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylygy, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler boýunça hem tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigine üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň häzirki döwrüň ösüşiniň anyk wezipelerini çözmek üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde netijeli dialogyň işjeň alnyp barylmagyna ýardam bermäge taýýardygyny tassyklap, hanym Pia Kauma berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow