Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Jemgyýet
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Çap edildi 07.03.2020
1192

Şu gün ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 258-sine «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň başlygy, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler häzirki döwürde ýurdumyzyň mährem zenanlarynyň hökümet edaralarynda, döwlet düzümlerinde jogapkärli wezipeleri eýeläp, halk hojalygynyň köp pudaklarynda netijeli zähmet çekýändiklerini we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýandyklaryny nygtadylar. Çärä gatnaşýan zenanlar her bir maşgalanyň abadançylygy üçin ýurdumyzda döredilen şertler, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda asuda asmanyň astynda çagalary ösdürmäge we terbiýeläp ýetişdirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn aladasy netijesinde ýurdumyzyň zenanlarynyň hem-de ösüp gelýän ýaş nesliň öňünde döwrebap bilim almak, sazlaşykly ösmek, hünär eýesi bolmak hem-de bagtyýar durmuş üçin ähli mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň bu aladany durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländigi bellenildi. Bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan anyk işler, eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan goldaw berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Dabara gatnaşyjylar zenanlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça oňyn özgertmeleriň netije berýändigini aýratyn nygtadylar. Bu gün ýurdumyzda zenanlara döwlet tarapyndan ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin zerur şertler üpjün edilýär. Şonuň netijesinde olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän orny ýokarlanýar. Bu bolsa jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Türkmen zenanlarynyň ajaýyplygy asyrlaryň dowamynda sungat ussatlaryny nusgawy eserleri döretmäge ruhlandyrypdyr. Şahyrlar we ýazyjylar, sazandalar hem-de suratkeşler gadymy döwürlerden bäri zenan mertebesini belent tutup, olaryň gözelligini, ahlak päkizeligini, maşgala ojagyna, Watanymyza bolan söýgüsiniň güýjüni wasp edipdirler. Şu günki nesiller şöhratly pederlerimiziň paýhasly sargytlaryna eýerip, enelere çuňňur hormat goýmak däbini dowam edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, zenanlaryň zehinleriniň we başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ýurdumyzda geljekde hem ähli zerur işler geçiriler. Aýratyn-da, döwletimiz köp çagaly maşgalalara köptaraplaýyn goldaw berýär we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara paýtagtymyzyň «Parahat 7» ýaşaýyş toplumyndan ýokary amatlygy bolan täze döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Täze jaýlara göçüp gelenler oňyn özgertmeler, bagtyýar durmuş üçin amatly şertleriň döredilendigi, ösüp barýan ýaş nesiller hakynda alada edilýändigi, jemgyýetde ýokary ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň saklanmagy üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Sahnada ýurdumyzyň belli horeografiýa hem-de folklor toparlary, meşhur aýdymçylary çykyş etdiler. Olar milli nusgawy saz eserlerini, zenanlar hakyndaky hem-de gelin-gyzlar üçin niýetlenen estrada we halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. Çykyşlar ene söýgüsine, mähriban topragymyza bagyşlandy. Gözelligi we ruhubelentligi alamatlandyrýan bu baýramçylyk Türkmenistanda ählumumy ruhy göteriliş ýagdaýynda geçdi. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda zenanlara hormat goýupdyr, olara uly mertebe bildiripdir. Ruhlandyryjy güýji eýe bolan zenanlara paýhasly maslahatçy we wepaly ýoldaş hökmünde sarpa goýulýar. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýän ýörelgedir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardan ugur alnyp, gelin-gyzlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olara döwlet tarapyndan ýeňillikleri bermek, döredijilikli zähmet çekmekleri we mynasyp durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmak jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy baýramçylyk konsertiniň baş bezegine öwrüldi. Olar sazyň hem-de joşgunly tansyň üsti bilen türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşinde bütin dünýäde Watanymyzyň häzirki döwürde gazananlaryny şöhratlandyrmakda zenanlarynyň eýeleýän uly ornuny wasp etdiler. «Ruhubelent çagalar», «Joşgun» çagalar tans toparlary we «Güneş» çagalar hor topary özleriniň ajaýyp çykyşlaryny, mähre hem-de söýgä ýugrulan döredijilik sowgatlaryny enelere bagyşladylar. Belli wäşi artistler hem öz çykyşlary bilen zenanlara bolan hoşallyklaryny beýan etdiler. Gyzlara gül gowşuran ýaş artistleriň gülküli çykyşlary tomaşaçylarda aýratyn täsirler galdyrdy. Aýdymçylar toparynyň dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary perzentleriň enä bolan bimöçber söýgüsiniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dörediji zenanlara bolan hormatyna aýdylan hoşallygyň senasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň birleşen folklor toparlarynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» aýdymly tans dessury bu ýerde guralan çäräniň maksatnamasynyň üstüni ýetirdi. Garaşsyz bitarap Watanymyza we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän, maşgala ojaklarynyň sütüni hasaplanylýan zenanlar hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan buýsanja beslenen «Eneleriň bagtynda ýaşa, Arkadag!» atly aýdym döwlet konsertiniň jemlemesine öwrüldi. Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli düzümlerde gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, pul sowgatlary gelin-gyzlaryň hemmesine, şol sanda talyp, okuwçy gyzlara, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara gowşuryldy. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde «Bitarap Diýaryň buýsançly zenanlary» ady bilen maslahat hem-de «Zeminiň görki zenan» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň we wekilhanalarynyň ýurdumyzda işleýän zenan wekillerine hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Olar gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, halkara jemgyýetçiliginde hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolan we parahatçylygyň berkidilmegine, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow