Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
Çap edildi 08.03.2020
1057

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenýän ýylynda joşgunly çäreler bilen utgaşýan Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, eziz Watanymyza söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn! Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýän gymmatly ýörelgesidir. Mähriban enelerimiziň, edepli-ekramly gelin-gyzlarymyzyň süýji arzuwlary siňen hüwdüleri, monjugatdylarydyr läleleri, nepis keşdeleri, dokaýan halylary biziň gymmatly milli hazynamyzdyr. Olaryň zähmeti we zehini bilen dörän türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan nepis halylarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar. Hormatly zenanlar! «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, gelin-gyzlarymyzyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olara döwlet tarapyndan ýeňillikleri bermek, döredijilikli zähmet çekmekleri we mynasyp durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmak jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Berkarar Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamaklary, ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesli terbiýelemekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Biziň maksadymyz Türkmenistanyň tehnologiýanyň we ylmyň depginli ösýän täze şertlerinde berk binýatly, kuwwatly, ýokary derejede ösen döwletleriň biri hökmünde dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Belent maksatlarymyzy amala aşyrmakda, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadyny pugtalandyrmakda, beýik ýeňişleri gazanmakda, milli ýörelgelerimiziň esasynda nesillere döwrebap terbiýe bermekde yhlasly, işeňňir, başarjaň zenanlarymyzyň uly goşandy bardyr. Gelin-gyzlarymyz kabul eden döwlet maksatnamalarymyzy üstünliki durmuşa geçirmek ugrunda döwlet düzümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilik-senagat toplumlarynda döredijilikli zähmet çekýärler. Biz muňa buýsanýarys. Mähriban gelin-gyzlar! Türkmen halky sagdyn bedenli, arassa ahlakly, edep-ekramly, kesp-hünärli nesilleri terbiýelemekde kämil ýörelgeleri, öwüt-ündewleri, maşgala gymmatlyklaryny döredipdir. Asyrlaryň dowamynda durmuş tejribesiniň, ahlak kadalarynyň we düzgünleriniň esasynda yzygiderli kämilleşdirilip, nesillerden-nesillere geçirilip gelnen bu gymmatly miras milli terbiýäniň binýady bolup durýar. Biz ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerinden ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýäris. Milli gylyk-häsiýetleri özünde jernleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly, enä we ýaşuly nesle sarpa goýýan nesilleri terbiýelemekde maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny belentde saklap gelýän, pähim-paýhasyny, mähir-muhabbetini, söýgüsini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyza, mylakatly, dilleri senaly enelerimize esasy orun degişlidir. Biziň döwlet syýasatymyzda jemgyýetimizi milli däplerimiz esasynda has-da ösdürmek, enelik we çagalyk, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak hakyndaky alada möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda hereket edýän milli kanunçylygy kämilleşdirmek, çagalygyň we eneligiň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, köp çagaly enelere durmuş goldawyny bermek boýunça amala aşyrylýan çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Mähriban eneler! Hormatly gelin-gyzlar! Sizi ajaýyp baýram - Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewüligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun! Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow