Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
Çap edildi 05.03.2020
1756

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi. Duşuşyk ýurdumyza ýiti wirus ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilen çärelere bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylýandygy aýratyn bellenildi. Bu işler milli kanunçylygy hasaba almak bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň ilatyň saglyk we öňüni alyş meselelerinde bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işleriniň giň hem-de yzygiderli alnyp barylýandygy bellenildi, munuň özi epidemiologiýa gözegçiliginiň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistanlylary zerur derman serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça uly işler geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň ulagyň ýerüsti, demirýol, howa we deňiz gatnawlary görnüşleriniň netijeli hem-de bökdençsiz işlemegi üçin ähli çäreleri görýändigi bellenildi. Häzirki wagtda maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, şeýle hem çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş-öňüni alyş çäreleri işjeňleşdirildi. Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda degişli okuw-amaly maslahatlar guralýar. Türkmenistanda bu toplumlaýyn işleriň ählisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de bu guramanyň makullamagyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, yzygiderli öňüni alyş çäreleri geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparyň dolandyryş merkezleri döredildi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, ýokarda agzalan ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, durmuşa geçirilýän çärelere gözegçilik etmek we seljermek işleri alnyp barylýar. Soňra duşuşyk sowal-jogap görnüşinde dowam etdirildi. Brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzyň bu meselä jogapkärçilikli çemeleşýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow