Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 28.02.2020
1069

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümi tassyklanyldy.

***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri; Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük pajynyň möçberi tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. Karar 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan herekete girýär.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow