Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
Çap edildi 12.02.2020
1047

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň daşary döwletleriň işewür toparlary üçin ägirt uly gyzyklanma döredýändigini nygtady. Munuň özi ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi hem-de iri möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy bilen şertlenendir. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklady. Milli Liderimiz Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň Russiýa Federasiýasy bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde okgunly ösdürilýändigini belledi. Däp bolan şeýle gatnaşyklaryň üsti her ýylda täze anyk mazmun bilen ýetirilýär. Anyk netijelere gönükdirilen türkmen-tatar özara gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy dünýäniň ýük awtoulaglaryny we ýöriteleşdirilen ulag serişdelerini öndürijileriniň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz we myhman pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, işewür Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny we «KAMAZ-yň» milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny nazara alyp, birnäçe anyk teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde şu görnüşdäki ýük awtoulaglarynyň müňlerçesi ýurdumyza iberildi. Kompaniýanyň inžener-işläp taýýarlaýjylary ulaglaryň görnüşlerini yzygiderli kämilleşdirýärler hem-de tehniki häsiýetlerini gowulandyrýarlar. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň iri awtoulag korporasiýasy bilen özara gatnaşyklar boýunça köpýyllyk oňyn tejribä ýokary baha berip, dünýä belli ýokary hilli tehnikalaryň mundan beýläk-de Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi esasy ugur edinýändigini belläp, ýurdumyzyň geljegi uly giň möçberli meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda anyk işleri alyp barýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, şol sanda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek arkaly, ylmy-tehniki öňdebaryjy gazanylanlaryň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň goralmagy möhüm wezipe bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyza getirilýän awtoulaglaryň howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa ölçeglerine gabat gelmegi babatda ýokary talaplar bildirilýär. Işewür Türkmenistanyň «KAMAZ» üçin ähmiýetli bazarlaryň biridigini nygtap, kompaniýanyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şol sanda hyzmat merkezlerini gurmaga, häzirki zaman tehnikalaryna hyzmat edýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we kompaniýanyň täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak baradaky tekliplerini beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini ikitaraplaýyn bähbit üçin netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow