Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Halkymyzyň abadançylygy, onuň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek boýunça çäreler yzygiderli guralýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär. Diýarymyzda döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyz sebit we dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň, abraýly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça gurulýan bilim we terbiýeçilik edaralarynyň sport zallaryny we meýdançalaryny bu desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýan döwründe enjamlaşdyrmak, zerur täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşaýyş toplumlarynyň ýanaşyk çäklerinde sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň obalarynda we şäherçelerinde gurulýan durmuş düzümleriniň hataryna sport desgalary hem girizilýär. Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda sportuň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi, sagdyn durmuş kadalarynyň berkidilmegi ileri tutulýan ugur hökmünde yglan edildi. Milli Liderimiz ýaşlary işjeň çekmek arkaly, sportyň we bedenterbiýäniň mundan beýläk-de ösdürilmelidigini belledi. Watanymyzda türkmenistanlylar tarapyndan dünýä bileleşigi bilen bilelikde, her ýyl 7-nji aprelde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp guralýan dabaralara giňden taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda umumymilli sport çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi, olar ähli ýaşdaky hem-de kärdäki adamlary – ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet düzümleriniň, durmuş - medeni ulgamyň işgärlerini, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň wekillerini, talyplary hem-de mekdep okuwçylaryny birleşdirýär. Köpetdagyň eteginde gurlan Saglyk ýoly sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň, aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin dynç alýan künjegine, iri sport-köpçülikleýin we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerden Aşgabadyň keşbi has-da gözel görünýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň belent binalary, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan desgalary, köpsanly suw çüwdürimleri we seýilgähleri bir bitewi sazlaşygy döredrýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, ösüş ýoluna düşen Aşgabadyň gözelligi görenleri haýran galdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk maksatnamasy yzygiderli we oýlanyşykly ylmy esasda amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, şäheriň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. Paýtagtymyz döwrebap amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, edara ediş binalary we beýleki desgalary bilen öz çäklerini barha giňeldýär. Şu günler Saglyk ýolunyň töwerekleri bahar paslynyň golaýlap gelýändigini buşlaýar. Ýakyn wagtda bu ýerlere baglar we ösümlikler gül açyp, dürli öwüşgünli, özboluşly bezeg berer. Diýarymyzda tebigaty goramak meselesine ägirt uly üns berilýär. Ekologiýa howanyň üýtgemegi ýaly döwrüň wehimlerine jogap hökmünde ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Bu çäre Türkmenistanyň bagy-bossanlyga bürenmegine ýardam edýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde we dag eteklerinde bu parz iş yzygiderli geçirilýär. Şonuň netijesinde bu ýerlerde tokaý zolaklary kemala gelýär. ... Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny, şol sanda belent dag gerişlerinden demirgazyga uzaýan giňişlikleri, bu künjekde döredilen tokaý zolaklaryny synlady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ynsan kalby üçin tenekar bolan tämiz dag howasy, tebigatyň ajaýyp görnüşleri adamlaryň saglygy üçin wajypdyr, çünki munuň özi ynsanyň ruhuny göterýär. Hormatly Prezidentimiz Saglyk ýoluna ýörişini tamamlap, bu ýerden ugrady.